Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kaliý dökünlerini iberýän önümçilik işläp başlady

23:4822.06.2017
0
8248

Merkezi Aziýada iň iri dag-magdan baýlaşdyryjy kärhana bolan Garlykdaky kaliý kombinatynyň duzly şahtasyndan ýerasty käniniň ýüz müň tonnadan gowragy gaýtadan işlemek üçin çykaryldy.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda geçirilen senagat toplumynyň açylyş dabarasyndan soň, bary-ýogy üç aýa golaý wagt geçdi, täze kärhanada bolsa, eýýäm ilkinji uly sepgide ýetildi: Lebap, Mary, Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň oba hojalyklaryna awtomobil we demirýol ulaglary arkaly mineral dökünleriniň müň tonnadan gowragy ýüklenilip iberildi. Ýük wagonlarynyň onusy demir ýol şahasy boýunça Owganystana ugradyldy.

Häzir şahtada mineral çig malynyň gazylyp alynmagy Garlyk käniniň dag geologiýa şertleriniň aýratynlyklary nazarda tutulyp — önümli gatlaklary çykarmagyň doly mehanizmleşdirilen kombaýn usuly arkaly alnyp barylýar. Birinji gözýetimde — 300 metrden gowrak çuňlukda duz gatlagyny rotor kombaýnlaryň bäşisi böwsüp, diňe bir ýük geçelgelerini däl, eýsem, ulag geçelgelerini hem çekýär. Magdanyň iberilmegi üçin döwrebap tehnika — özi ýöreýän tekerli arabajyklar, lentaly konweýerler, galdyryjy mehanizmler peýdalanylýar. Bular gazylyp alynýan ýerinden kabul ediji gaplara çenli magdanyň iberilmegini doly mehanizmleşdirmäge mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi bilen duzly şahtadan her gün ýokarlygyna magdan agramynyň 1000-den 1500 tonna çenlisi galdyrylýar.

Kombinatyň ýylda kaliý dökünleriniň 1,4 million tonnasyny öndürmek bolan taslama kuwwatyny üpjün etmek üçin her ýylda tebigy baýlyklardan magdanyň 7 million tonnadan gowragy gazlyp alnar.

Häzir magdany gaýtadan işlemek boýunça esasy we kömekçi bölümler bolan baýlaşdyryjy fabrik, magdan we taýýar önümler ammarlary hem-de beýleki aýratyn desgalar işleýän senagat meýdançasynda esasynda flotasion usul duran kaliý hloridini almagyň tehnologiki halkasynyň üçüsi goýberildi.

Önümçilige hem-de enjamlara yzygiderli gözegçilik etmek we olary dolandyrmak üçin bu ýerde tehnologiki işleri dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň (TIDAU) toplumy döredildi. Ol iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän programma, tehniki, hasaplaýyş we aragatnaşyk serişdelerine daýanýar. Ýurdumyzyň hem-de Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde we ýöriteleşdirilen okuwlarynda bilim alan türkmen hünärmenleri eýýäm enjamlaryň ulanylmagyny özbaşdak üpjün edýärler.

Täze önümçilik Türkmenistanyň oba hojalygynyň ýokary hilli kaliý dökünlerine bolan islegini diňe bir doly kanagatlandyrmaga däl, eýsem, gymmatly önümiň her ýylda million tonnadan gowragyny eksporta ugratmaga hem mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň