21-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Birleşen Milletler Guramasy — Merkezi Aziýa: sebitleýin gatnaşyklary giňeltmegiň taryhy, ykdysady we durmuş ugurlary” ady bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ý.Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň syýasy meseleler baradaky geňeşçisi A.Tolstuhin, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Şunda taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Muňa Aşgabatda 13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda uly üstünlik bilen geçirilen gepleşikler hem aýdyň şaýatlyk edýär, gepleşikler Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklady.
DIM-de geçirilen şu gezekki duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlar bilen, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen bolsa BMG-niň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň Merkezi Aziýada goşulyşmak we durnukly ösüş, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlyk meseleleri, Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy berkitmekde ähmiýeti, täze görnüşde gaýtadan dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýeleýän orny barada pikir alyşmalar boldy, onuň ykdysady ugurlary, BMG-niň Çagalar gaznasynyň çaganyň ösmegi üçin durmuş şertlerini döretmek boýunça alyp barýan işleriniň ugurlary, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine goşýan goşandy ara alyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda halkara guramalarynyň işlemegi üçin döredilýän şertlere çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde hem anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen Türkmenistan — BMG hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdiklerini ynandyrdylar.