Arhiw

Halkara kompaniýalar türkmen bazary bilen gyzyklanýar

23:2821.06.2017
0
11096

21-nji iýunda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy — 2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady.

Sergide ýurdumyzyň we daşary döwletleriň 80-den gowrak kompaniýalar döwlet we hususy kärhanalary öz tekliplerini, netijeli işläp taýýarlamalaryny, täzeçil usullaryny, toplumlaýyn çözgütlerini hem-de hyzmatlaryny görkezdiler. Olaryň köpüsiniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýan, ykdysadyýetiň pudaklaryny senagatlaşdyrmak boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan önüm öndürijiler we işläp taýýarlaýjylardygyny bellemeli.

Halkara sergi geljegi uly türkmen bazary bilen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň işjeň gyzyklanýandyklaryny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Olar ýurdumyzyň önüm öndürijilerine  halk hojalyk toplumynyň dürli ugurlary boýunça iň täze enjamlary we häzirki zaman tehnologiýalaryny teklip edýärler.

Sport ulgamyny we degişli pudagyň gazananlaryny görkezýän bölümleriň ýany hem köp adamly boldy. Serginiň bu bölüminde milli sport federasiýalarynyň, sport ähmiýetli önüm öndürijileriň we işläp taýýarlaýjylaryň gymmatlyklary görkezildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bölümiň özenini düzdi.

Daşary ýurtlaryň belli önüm öndüriji kompaniýalarynyň täze maglumat tehnologiýalary, häzirki döwürde ýurdumyzda giňden ulanylýan iň häzirki zaman enjamlaryň dürli görnüşleri milli hünärmenleriň gyzyklanmalaryna eýe boldy. Bu innowasiýa çözgütleri häzirki wagtda ýurdumyzda uly islegden peýdalanýar.

 “Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk — 2017” köpugurly serginiň işi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik, Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagynyň ýolundaky möhüm ädimi alamatlandyran forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň