Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

23:2819.06.2017
0
424
Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa  Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Regina Weronika Mariýa Jons-Bosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini Niderlandlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Niderlandlar Patyşalygynyň Doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip,   Türkmenistanyň Prezidentine hem-de  tutuş türkmen halkyna Patyşa  Willem-Aleksandryň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, ol ikitaraplaýyn dostluk we özara düşünişmek  gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gyzyklanýandygyny  beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy, ýurdumyz soňky ýyllarda iri parahatçylyk dörediji merkez hökmünde diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly tagallalary edýär.

Hanym Regina Weronika Mariýa Jons-Bos Niderlandlar Patyşalygynyň ýurdumyz bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, özüniň parlamentara gatnaşyklary, şeýle-de  ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini aýtdy.

***

Şol gün Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň käbir ugurlary  boýunça  pikir alyşmalar boldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň