Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalat edaralarynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

01:0518.06.2017
0
10992

Hormatly adalat edaralarynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň adalat edaralarynyň işgärlerinift güni bilen tüys ýürekden gutlaýaryn!

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň ýörelgelerinden ugur alýan ata Watanymyzyň bu günki syýasy we ykdysady, medeni we durmuş ösüşleri öz gözbaşyny halkyň halal zähmetinden, jemgyýetiň agzybirliginden we jebisliginden, şeýle hem döwletiň ynsanperwer we adalatly syýasatyndan alyp gaýdýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hukuk esaslaryny, syýasy dumuklylygynyň kanunçylyk ýörelgelerini, medeni ösüşiniň ygtybarly ugurlaryny pugtalandyrmakda döwletiň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle resminamalaryň taýýarlanylmagyna, seljerilmegine we netijeli durmuşa geçirilmegine ýokary hünär derejeli, wezipe we şahsy jogapkärçilik duýgusy bolan adalat edaralarynyň işgärleriniň işjeň gatnaşmagy örän möhümdir.

Döwlet berkararlygynyň hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmegiň kämil we döwrebap esaslary doly we giňişleýin kepillendirilendir. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, adamyň we raýatyň goraglylygyny üpjün etmekde, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramakda adalat edaralarynyň işgärleriniň öňünde örän derwaýys wezipeler durýar.

Adalat edaralarynyň işgärleri tarapyndan jemgyýetçilik birleşiklerini döwlet tarapyndan bellige almagyň üpjün edilmegi Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň berkarar edilmeginiň we dabaralanmagynyň kanunçylyk kepilidir. Ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, welaýat, Aşgabat şäher, etrap we şäher ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň adalat edaralarynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylmagy ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny iş ýüzünde kepillendirmäge we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanuna laýyk getirilmegine ýardam edýär.

Kanunçylygy düşündirmek, raýatlaryň hukuk habarlylygyny we hukuk medeniýetini ösdürmek, kanunlary wagyz etmek adalat edaralarynyň işgärleriniň wezipe borçlarynyň biridir. Hukuk döwletimizde kanunlaryň ileri tutulmagyny, adamyň hem-de raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem döwlet bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmekde, kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny halkara ölçeglerine laýyk getirmek babatda alyp barýan tutanýerli işleriňize döwletimiz mynasyp baha berýär.

Siziň Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň kasamyna wepalylygyňyz, kämil bilim derejäňiz, ýokary hünär ussatlygyňyz we öz wezipe borçlaryňyzy birkemsiz ýerine ýetirmegiňiz döwletimiziň hukuk bähbitlerini hem-de abadan jemgyýetimiziň asudalygyny goramagyň ygtybarly kepili bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asuda, jemgyýetiň jebis we döwletiň dumukly ösüşi baş wezipe hökmünde kesgitlenen ähli maksatnamalarymyzyň öz wagtynda we üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn!

Ýurdumyzyň hukuk syýasatynyň döwrebap alnyp barylmagy, hukuk medeniýetiniň ösdürilmegi babatda siziň çekýän zähmetiňizi goldap, döwletimiz adalat edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, bu ulgamyň işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hemmetaraplaýyn gowulandyrylmagy babatda hemişe alada edýär. Bu gün adalat edaralarynyň işgärleri döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen edara binalarynda yhlasly zähmet çekýärler, mynasyp şertlerde dynç alýarlar, saglyklaryny berkidýärler, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýärler.

Hormatly adalat edaralarynyň isgärleri!

Sizi Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, milli kanunçylyk ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy

Gurbanguly
Berdimuhamedow

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň