Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

13:4717.06.2017
0
5504

16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurduň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutany “Oguzhan” köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedli ugrady. Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, yzygiderli türgenleşmek adamyň saglygyna oňyn täsir edýär.

Mejlisiň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany ýurdumyzda galla oragynyň barşy, pagta ýygymyna taýýarlyk, 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegi, milli parlamentiň şu günlerki alyp barýan işleri, eýeçiligi döwletiň garamagynda bolan kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky we başga-da birnäçe meselelere garady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň