Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga - 2017: "Energetik" - "Altyn asyr" duşuşygyna gysgaça syn

12:1317.06.2017
0
3214
«Energetik» — «Altyn asyr» Ikinji aýlawda: 1 — 3. Şeýlelikde, «Altyn asyr» senesi üýtgedilen duşuşyklaryň dyknyşygynyň bir çetinden girýär. Ýurdumyzyň häzirki çempiony 8-nji iýula çenli her üç-dört günden bir duşuşyk geçirmeli bolar. Mahlasy, «aragatnaşykçylaryň» jemi 7 duşuşygynyň senesi üýtgedildi.Topar şol duşuşyklaryň birini «Energetik», birini «Ahal», ikisini «Merw» we ýene-de ikisini «Şagadam» bilen geçirer. Şu gün ilkinji duşuşyk «Energetik» bilen geçiriler. Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyk 18:15-de başlar. «Altyn asyr» bilen «Energetik», häzirlikçe, ýaryş tertibinde goňşy. Dördünji orundaky «Energetigiň» 15 duşuşykdan 24, bäşinji orundaky «aragatnaşykçylaryň» 9 duşuşykdan 21 utugy bar. Diýmek, duşuşyk «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlansa, topar dördünji orna geçer. Şol bir sanda ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Ahal» bilen utuklaryň aralygy 12 utuga çenli ýygrylar. «Energetik» utsa, «Altyn asyrdan-a» 6 utuklyk ara açýar, «Şagadama-da» bir utuga çenli ýakynlaşýar. Deňlik toparlaryň ikisiniň hem ýokarky basgançaklara çykmak mümkinçiligini azaldar. «Altyn asyryň» hüjümçisi Myrat Ýagşyýew şu duşuşykda tapawutlanyp bilse, bombardirlik ýaryşynda Yhlas Magtymow bilen deňleşýär. Häzirlikçe, Myradyň geçiren gollary Yhlasyňkydan bir gol az. Duşuşykda geçirip biljek ýekeje goly Myrat Ýagşyýewiň 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada geçiren 90-njy goly bolar. Şu wagta çenli toparlaryň ikisi-de garşydaş derwezelere 22 gol geçirdi. Deňlik üýtgärmi ýa ýene şollugyna galarmy, muny duşuşyk aýdar. Häzirki wagta çenli «Energetigiň» geçiren duşuşyklarynyň üçüsi deňme-deňlik bilen bilen tamamlandy. «Altyn asyrda» bolsa entek deňlikde tamamlanan oýun ýok. Diýmek, gazanyljak deňlik «aragatnaşykçylar» üçin şu möwsümdäki ilkinji deňlik bolar. Bir zady ýatdan çykarmaly däl: «Altyn asyr» şu senesi süýşürilen duşuşyklar tapgyrynda kim bilen duşuşsa-da, «Ahal» bilen gizlin bir ýaryş dowam edýär. Ol hem birinjilik ugrundaky ýaryş. Häzirlikçe, iki toparyň geçiren oýunlarynyň arasynda 6 oýunlyk tapawut bar. Utuklaryň tapawudy bolsa 15 utuk. Diýmek, «Altyn asyr» utuk boýunça «Ahaldan» öňe geçmek üçin 7 duşuşykda-da ýeňiş gazanmaly.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň