Soňky habarlar

Arhiw

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegi bilen bagly wezipeler kesgitlendi

01:3717.06.2017
0
8735

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy iýunda geçirilen mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegi bilen bagly meseleler barada hasabat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwarynda tassyklanan konsepsiýa esasynda häzirki wagtda degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň  tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegi bilen bagly bolan syýasy, hukuk we guramaçylyk meseleleriniň, hususan-da, 1999-njy ýylyň aprelinde Aşgabat şäherinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň çözgüdi bilen tassyklanylan Düzgünnama laýyklykda gaznada başlyklyk edýän ýurtda bu guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň döredilmegi bilen bagly meseläniň üstünde işleýär. Ýerine ýetiriji  komitetiň esasy wezipeleri Aral deňzi sebitiniň meseleleri boýunça degişli çözgütleriň, maksatnamalaryň we taslamalaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmekde jemlenýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde  şu meseleler boýunça degişli guramaçylyk resminamalarynyň taslamalary hödürlenildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy Aral deňziniň täsirlerini aradan aýyrmak, Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak  maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň netijeli gatnaşyklaryny hem-de tagallalaryny birleşdirmek üçin özboluşly binýat bolup durýar diýip belledi.

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, bu işe toplumlaýyn çemeleşmegiň hem-de bu ugurda anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilmeginiň zerurdygyny  aýdyp, döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalaryň taslamalaryny makullady hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň