Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

23:5616.06.2017
0
399
Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

16-njy iýunda türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Iki ýurduň sungat ussatlarynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dostluk konserti döredijilik çäresiniň jemlemesi boldy.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde  geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda iki halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, medeni gatnaşyklary giňeltmekde şu döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy.

Soňra geçirilen dostluk konsertiniň maksatnamasy täjik we türkmen artistleriniň bilelikdäki çykyşlaryndan ybarat boldy. Onuň maksatnamasyna halk aýdym-sazlary, folklor hem-de tans çykyşlary girdi, milli we dünýäniň aýdym-saz medeniýetiniň taryhyna aýdyň sahypalary ýazan kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Zehinli ýerine ýetirijileriň her bir çykyşy öz halklarynyň köpasyrlyk aýdym-saz däplerine bolan söýgüden hem-de hormat-sarpadan doldy. Türkmen we täjik aýdymçylarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde köp nesilleriň aýdym-saz muşdaklarynyň söýgüsini gazanan “Haýrana galar” diýen aýdym ýaňlandy.

Köpöwüşginli dostluk baýramçylygynyň ahyrynda türkmen we täjik tans toparlary gadymy “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler. Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň jemlemesi hökmünde “Dostluk aýdymy” ýaňlandy. Jemleýji konserte gatnaşyjylaryň ählisi bu aýdyma öz seslerini goşdular.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň