Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy

08:3016.06.2017
0
9617

15-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça  paýtagtymyz we onuň ýanaşyk çäkleri boýunça dikuçarda iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, “Aşgabat — 2017” Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler, şeýle hem Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk möwsümleriniň barşy bilen tanyşdy.

Milletiň Lideri asylly endigine eýerip, iş gününi irki maşklar bilen başlady we soňra welosipedde dikuçar meýdançasyna geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçary özi dolandyryp,  ýurdumyzyň baş şäherini synlady, bu ýerde alnyp barylýan işler hem-de aýratyn-da, ýol-ulag düzümlerini kämilleşdirmek boýunça, täze ýollary, köprüleri gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, Aşgabadyň yşyklandyryş ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşygy bilen içgin gyzyklandy.

Döwlet Baştutany şunuň bilen baglylykda, ýollary abadanlaşdyrmak, ýolagçy awtobuslarynyň duralgalaryny ýerleşdirmek meselelerine oýlanyşyksyz çemeleşilýändigini aýdyp, munuň ýolbaşçylar üçin käbir amatsyzlyklary döredýändigi üçin bu işleriň geçirilişine nägilelik bildirdi. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, köp zolakly köprüleriň golaýynda hem-de awtomobil ýollarynyň ugrunda ýerleşdirilýän duralgalar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler ilat üçin amatlylyk talaplaryna hem-de häzirkizaman şäher gurşawlarynyň ölçeglerine laýyk gelmelidir.

Türkmen döwletiniň Baştutany täze gurlan ýollarda degişli ýol belgileriniň sanynyň we maglumat  tablolaryň ýetmezçilik edýändigine ünsi çekip, Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň bu ugurda durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirmegini talap etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti täze binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna we gök zolaklaryň döredilişine,  agaç nahallary bilen birlikde dürli gülleriň ekilmegine degişli birnäçe tabşyryklar berdi.

Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri nazarda tutmak bilen, gurluşyk meýdançalarynyň töwereginde peýdalanylan gurluşyk materiallarynyň we serişdeleriniň galyndylarynyň toplanýandygy, munuň bolsa şäherde tozanyň döremegine getirýändigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň adyna degişli işleriň ýerine ýetirilmegine göwnejaý gözegçilik üpjün edilmeýändigi üçin nägilelik bildirdi.

Milletiň Lideri bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyzyň  ajaýyp künjekleriniň birine öwrülen “Türkmenistan” Teleradiogepleşikler merkeziniň töwereginde gurluşyk zibilleriniň toplanandygyny aýdyp,  Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylaryndan bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça tizden-tiz çäreleriň görülmegini talap etdi.  

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belentlikden şäheriň günbatar böleginde alnyp barylýan işler hem-de bu ýerde bina edilýän  desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäginde Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar, ol häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. 

Döwlet Baştutany uçuşy dowam edip, paýtagtymyzyň bu böleginde gurulýan awtoduralganyň gurluşygyny synlady. Bu desgadaky işler hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu ýerde sürüjiler üçin ähli zerur şertler we ulag serişdelerini goýmak üçin amatly ýagdaý üpjün ediler.

Milletiň Lideriniň dikuçary öwrüm edip, Aşgabadyň demirgazyk tarapyna ugur aldy. Hormatly Prezidentimiz şäheriň bu böleginde  peýda bolan täze ýaşaýyş toplumlaryny synlady. Bu ýerde nusgalyk Täze zaman ýaşaýyş toplumy emele geldi.

Döwlet Baştutany dikuçarda bu ýerde geçirilýän işler bilen tanşyp,  ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli  gowulandyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde ileri tutulýan ähmiýet berilmelidir diýip aýtmak bilen, bu babatda Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde birnäçe könelişen kärhanalaryň bardygyny belledi. Netijede, bu desgalaryň işlemeýändigi sebäpli olaryň binalarynda birnäçe hususy kärhanalaryň ýerleşendigini, olarda bolsa ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň we beýleki zerur kadalaryň berjaý edilmeýändigini aýdyp, munuň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny belledi. Milletiň Baştutany Aşgabat şäher häkimligine, Jemagat hojalygy we Içeri işler ministrliklerine könelişen kärhanalary maksadalaýyk peýdalanmak, olary ulanmagyň ugurlaryny üýtgetmek ýa-da ýerinde täze desgalary gurmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Milletiň Lideriniň dikuçary Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň üstünde öwrüm etdi. Şäherleriň derejesinde ähli amatlyklar döredilen şunuň ýaly ýaşaýyş toplumynda hem ekologiýa meselelerine üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti şäheriň eteklerinde nusgalyk şäherçeleriň  döredilmegi, olaryň bagy-bossanlyga bürelmegi, täze tokaý zolaklarynyň kemala gelmegi ekologiýa ýagdaýyna we ýerli howa şertlerine oňaýly täsirini ýetirer diýip belledi.

Döwlet Baştutany Garagum derýasynyň ýakalaryna agaç nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegini dowam etdirmegiň  maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi derýanyň akabasyna we onuň kenarlarynyň berkidilmegine ýardam berer  diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleri şäher häkimligi bilen birlikde Gurluşyk we binagärlik we Jemagat hojalygy ministrlikleriniň, ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutany tanyşlygyň çäginde Aşgabady mundan beýläk hem ösdürmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň