Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

06:2115.06.2017
0
4539

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bolup çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli hem-de galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz we bellenilen möhletlerde ýygnap almak, gowaçalara ideg edilişiniň hilini üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň oba we suw hojalyk ministri N.Sapardurdyýew bugdaý oragyna gatnaşýan düzümleriň ählisiniň sazlaşykly işini üpjün etmek, gallaçylara zerur bolan hyzmatlary etmek, olaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak boýunça çäreleriň toplumyny göz öňünde tutýan ýörite işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň esasy bölümleri babatda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine ünçi çekip, oba hojalyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy hem-de muňa örän jogapkärli çemeleşilmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna oba hojalygynyň gaýtadan işlenilýän senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýerleriň hasyllylygyny ylmy esasda ýokarlandyrmaga, oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan bugdaý oragy barada aýdyp, bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň bellenilen möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi hem-de tabşyrylan hasyl üçin gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gök, bakja we miwe ekinleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmaga, ýurdumyzyň bazarlarynda ýokumly önümleriň görnüşlerini giňeltmäge, ilkinji nobatda, üns bermek gerek. Şu maksat bilen, bu ulgama başarjaň daýhanlary, hususy işewürligiň wekillerini has işjeň çekmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hyzmat etmegiň medeniýetini we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de hususy telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, söwda ulgamynda-da döwrebap tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, iň oňat dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmalydygyny nygtady. Bu bolsa Aziada-2017-ä taýýarlyk görülmegi babatda aýratyn möhümdir. Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar üçin hyzmatyň iň ýokary derejesini üpjün etmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny, ilaty ter gök, miwe we bakja önümleri bilen üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bellenilen wezipeleri çözmekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi döwrüň esasy talaby bolup durýan hususy işewürlige aýratyn orun berilýändigini nygtap, degişli ýolbaşçylara telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow 
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem-de öňde boljak şanly baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi bilen baglylykda, maliýe-ykdysady toplumynyň edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli maksatnamalary maliýeleşdirmek, gallaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi ýola goýmak, şanly seneler mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görülýän çäreler barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy A.Annadurdyýew hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň maliýe-ykdysady düzümleriň netijeli işlemegine köp babatda baglydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bazar gatnaşyklaryna maksadalaýyk geçilýän şertlerde milli ykdysadyýetimiziň hemme pudaklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri çözmäge hemmetaraplaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. Şeýle hem maliýe-ykdysady toplumynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygy görkezildi.

Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk, şeýle hem öňde boljak şanly baýramlary mynasyp derejede garşylamak boýunça işlenip taýýarlanan maksatnama barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak meselesine ilkinji derejeli üns berilýär, awtoulag ýollarynyň durky täzelenýär, täze awtoduralgalar, ýol aýrytlary gurulýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli etraplarynda durmuş we inženerçilik düzümlerini kämilleşdirmek boýunça sazlaşykly işler dowam etdirilýär.

Öz nobatynda, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek hem-de köçeleri abadanlaşdyrmak boýunça iri möçberli işler durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, seýilgäh zolaklary giňeldilýär, munuň özi ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amaitly şäherleriniň birine öwürmäge ýardam berýän iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz gurluşyk, energetika, jemagat, awtomobil we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginleriniň tizleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Durmuş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, ýolagçy ulag gatnawlarynyň hem-de şäheriň durmuş düzümlerini, elektrik energiýa üpjünçiligi we şäheriň köçeleriniň yşyklandyryş ulgamlarynyň ygtybarly işiniň üpjün edilmegi hem möhüm talap bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Aziýa oýunlaryna hem-de onuň bilen baglanyşykly ähli çärelere taýýarlyk görmegiň barşyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Oýunlaryň hemmetaraplaýyn üpjünçiligi, myhmanhana hyzmatlarynyň guralyşy hem milli ýörelgelere laýyk gelýän myhmansöýerlik ýagdaýynyň döredilmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy depginli senagatlaşdyrmak maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şol sanda himiýa senagatyny, dokma senagatyny, balyk hojalygyny, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň dokma senagaty ministri N.Gaýlyýew pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň düzümleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmek we toplumyň gaýtadan işleýän düzümine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aziýa ýaryşlaryna taýýarlygyň çäklerinde sport lybaslaryny, Aziada-2017-niň nyşanlary ýerleşdirilen dokma we sowgatlyk önümlerini çykarmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, senagat ulgamynyň kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagynyň we artdyrylmagynyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň, ony hil taýdan täze sepgitlere çykarmagyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bilelikdäki döwlet-hususy kärhanalaryň döredilmegi ýerli çig maldan taýýarlanylýan ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini köpeltmäge, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem dokma pudagynyň önümçilik düzümlerinde harytlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berip, sport egin-eşikleriniň hiline, göze gelüwlilik we bezeg derejesine aýratyn ähmiýet bermek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ý.Gylyjow milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň alyp barýan işlerini seljermek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmak üçin möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, Aşgabat-2017-niň oýunlaryna, şeýle hem Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bu ýere ýygnananlara Watanamyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň