Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasyndaky gepleşikler

23:5913.06.2017
0
4284

13-nji iýunda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen BMG-niň däp bolan hyzmatdaşlygy täze ösüşe eýe boldy we özara gatnaşyklaryň bar bolan uly tejribesine daýanyp, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň birnäçesine, şol sanda onuň esasy alty guramalarynyň biri bolan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümine (2013-2015-nji ýyllar üçin) saýlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň birnäçe toparlarynyň, komitetleriniň hem-de geňeşleriň agzasy bolup, olaryň çäklerinde degişli halkara işini alyp barýar.

Biziň ýurdumyz BMG-niň esasy edaralary hem-de ýörite düzümleri bilen işjeň gatnaşmak bilen, iş ýüzünde giň hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär we sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýar we özüniň baý döredijilikli kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasat ugry Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Irden belent mertebeli myhman özi üçin niýetlenen kabulhanadan “Oguzhan” köşkler toplumyna ugrady. Bu ýerde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar.

Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, Köşgüň eýwanyna tarap ugradylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we BMG-niň Baýdagynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiziň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda giňişleýin düzümde, iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny myhmansöýer türkmen topragynda tüýs ýürekden mübärekläp we ýurdumyza gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu ýyl Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna girmeginiň 25 ýyllygynyň bellenilmegi babatda BMG-niň Baş sekretarynyň saparynyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz BMG bilen giň möçberli hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň üýtgewsiz strategiki ugry bolup durýandygyny tassyklady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz BMG bilen howpsuzlyk ulgamynda, durnukly ösüş meselelerinde, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkarar etmekde hyzmatdaşlyk edýäris. Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we edaralarynyň birnäçesiniň – BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Halkara Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Ilat gaznasynyň we beýlekileriň wekilhanalary hemişelik esasda işleýärler. Bilelikdäki iri maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar. Olar ýurdumyza ykdysady we durmuş häsiýetli möhüm wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklarynyň gün tertibinde durnukly ulag, energiýa howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak, Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek ýaly we beýleki strategiki ugurlar durýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin häsiýete eýedir, ol yzygiderli esasda, ahyrky netije babatda meňzeş ýörelgeler hem-de garaýyşlar esasynda alnyp barylýar.

2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda BMG bilen bilelikde Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahat geçirildi. Onuň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasy bu ugurda BMG-ä agza döwletleriň bilelikdäki geljekki hereketleri üçin esasy ýörelgelerini kesgitledi. 
Bu ulgam Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şol sebäpli hem Türkmenistanyň garaýyşlary ählumumy ulag hyzmatdaşlygyna yzygiderli we maksada okgunly häsiýet berilmeginiň zerurlygyna esaslanýar.

Biziň ýurdumyz bu ugur boýunça, hususan-da, BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny durmuşa geçirmekde BMG bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr, bu maksatnamada Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini ösdürmek, şeýle hem Aşgabat Jarnamasynyň kadalaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Türkmenistanyň geljekde hem BMG bilen energetika howpsuzlygy hem-de durnukly energetika boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini nygtady. Türkmenistan bu mesele boýunça BMG bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam eder we şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň ýardam bermegine we goldawyna umyt edýär.

Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmäge girişendigini bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Maý aýynyň ahyrynda Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köp taraply Çarçuwaly ylalaşygyň ýolunda” atly wekilçilikli forumy geçirildi. Şeýle hem forumda energetika ulgamynda öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de energiýa serişdelerini sarp edijileriň bähbitleriniň deňhukukly we adalatly hasaba alynmagyna esaslanýan hyzmatdaşlyga köpugurly çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygy beýan edildi.

Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde, täze wehimlere we howplara garşy durmakda biz öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuna örän möhüm ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň howandarlygynda geçirilýän işlere işjeň gatnaşmagyny dowam eder. Iş tejribesiniň görkezişi ýaly, hut BMG-niň howandarlygynda öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallary netijeli işleýär hem-de oňyn netijelere getirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Owganystandaky syýasy ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy hem möhüm meseleler bolup galýar. Owgan halkyna ýaraşyga gelmek we ylalaşyk gazanmak üçin hakyky ýardam bermek zerurdyr. Oňa diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly ýetip bolar. Bu meseläniň başgaça çözgüdi ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Terrorçylyga garşy netijeli göreş biziň ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň örän möhüm wezipesi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şu gün Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda ýokary derejeli duşuşygyň geçiriljekdigini belledi. Bu babatda terrorçylygyň ýüze çykmagynyň sebäplerini aradan aýyrmaga gönükdirilen ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamak bu babatda möhüm wezipe bolup durýar. Hususan-da, gürrüň dünýäniň ol ýa-da beýleki sebitlerinde durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, onuň bilime we medeniýete hem-de beýlekilere elýeterligi şertlerini döretmek barada gidýär.

Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin, hususan-da, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak meseleleri babatynda 2015-nji ýylyň sentýabrynda Durnukly ösüş boýunça bütindünýä sammitinde kabul edilen çözgütlere laýyklykda BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasyndan kärdeşlerimiz bilen bilelikde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça BMG-niň Edarasyny döretmek hakynda yzygiderli işler alyp barýar. Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bilelikde alnyp barylýan işler bu düzümiň işiniň möhüm bölegi bolmalydyr.

2017-2019-njy ýyllar üçin biziň ýurdumyz Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna başlyklyk etmek wezipesini kabul etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we häzirki wagtda Aral deňzi boýunça degişli Maksatnamanyň üç tapgyrynyň ýerine ýetirilendigini we onuň dördünji tapgyrynyň üstünde işlenilýändigini belledi.

Şonuň bilen bir wagtda häzirki wagtda bu işe anyk, halkara toplumlaýyn çemeleşme, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň we yzygiderli gatnaşmagy talap edilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylyk-da, Türkmenistan Aral üçin BMG-niň Ýörite Maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Onda bu sebitde ekologiýa ýagdaýyny durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalaryň göz öňünde tutulmagy maksada laýyk bolardy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň çäklerinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisleriniň birinde şeýle maksatnamany döretmek bardaky meselä garamagy teklip edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz, mälim bolşy ýaly, tiz wagtda, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belledi. Bu oýunlar Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle derejede geçirilýän ilkinji ýaryşlar bolar. Bu bäsleşiklere Aziýanyň 45 ýurdundan türgenler bilen bir hatarda Okeaniýanyň 19 döwletinden türgenleriň hem ilkinji gezek gatnaşýandygy oýunlaryň aýratynlygydyr.

Biz bu ýaryşlara diňe bir sport babatda däl, eýsem, jemgyýetçilik-syýasy babatda hem uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Häzirki döwürde sport adamlaryň özara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi, döwletleriň we halklaryň, dürli dinlere ynanýan adamlaryň arasynda özara düşünişmegiň we ylalaşmagyň guraly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda täze ugur bolan sport ulgamyndaky giň möçberli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň başlangyç tapgyryna öwrüljekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmany we BMG-niň wekillerini şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Aziada — 2017-niň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Milli Liderimiz 2-nji fewralda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjyny goldap, kararnamanyň taslamasyny taýýarlandygyny we 20-ä golaý döwletiň awtordaşlyk etmeginde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip biragyzdan yglan edendigine ünsi çekip, bu ýagdaýyň biziň ýurdumyzda çuňňur manysy we amaly ähmiýeti bolan şanly waka hökmünde kabul edilýändigini belledi. Bitarap döwlet hökmünde dünýä bileleşiginiň öňündäki aýratyn jogapkärçiligine düşünip, Türkmenistan bu asylly maksada ýetmek üçin taýýarlygyny we ähli zerur tagallalaryny etjekdigini tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça alyp barýan işlerini yzygiderli we maksatnamalaýyn esasda dowam eder. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleri örän giňdir. Ýyl-ýyldan täze geljegi uly ugurlar döreýär diýip, milli Liderimiz nygtady we BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana şu saparynyň munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhmana söz berilýär. BMG-niň Baş sekretary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady. BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar nusgalykdyr. Jenap Antoniu Guterreşiň belleýşi ýaly, özüniň BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň wezipesinde işlän döwründe hem türkmen tarapy bilen netijeli gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge saldamly goşant goşýandygy we bu ugurda Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýändigi nygtaldy.

Belent mertebeli myhman bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen Lideriniň Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklara uly üns hem-de goldaw berýändiginiň wajypdygyny aýratyn bellemek bilen, munuň ähli döwletler üçin görelde bolup hyzmat edýändigini nygtady. Jenap Antoniu Guterreş BMG bilen hyzmatdaşlykda işjeň orny eýeleýändigi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi.

BMG-niň Baş sekretary ähli ugurlarda, şol sanda terrorçylyga garşy göreşmek, durnukly ösüş hem-de adam hukuklary ýaly ileri tutulýan ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň okgunly ösüşinde onuň bitaraplyk derejesiniň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, jenap Antoniu Guterreş Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de BMG-niň Owganystana goldaw bermek baradaky missiýasynyň türkmen Lideriniň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmaga ýardam bermek baradaky döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleriniň özara ysnyşykly baglydygyny belläp, BMG-niň ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň we Merkezi Aziýanyň arasynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyk barada durup geçip, bu ugurda taraplaryň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz dürli ulgamlarda, şol sanda bilim ulgamynda ösüş babatda görelde görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty höweslendirmek we ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça alyp barýan giň möçberli işleri uly ähmiýete eýedir. BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde gazanýan haýran galdyryjy üstünliklerini kanagatlanma bilen belläp, türkmen tarapynyň ulag we energetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. Munuň özi häzirki zaman şertlerinde sebit we dünýä möçberindäki ösüşiň möhüm ugry bolup durýar.

Belent mertebeli myhman şeýle hem Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi we ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm ugurlara degişli tekliplerini goldaýandygyny aýtdy. Şu babatda Araly halas etmek hem-de şol ýerde ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Jenap Antoniu Guterreş Merkezi Aziýany ösdürmek üçin uly kuwwatyň we giň mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, BMG-niň sebitiň ýurtlaryna bu ugurda hemmetaraplaýyn ýardam bermäge, şol sanda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň hukuk ulgamynda gazanan üstünliklerini belläp, türkmen jemgyýetinde agzybirligiň we sazlaşygyň berkarar bolýandygyny, munuň özüniň bolsa ýurduň hemmetaraplaýyn üstünlikli ösmegine ýardam edýändigini belledi. Şol üstünlikler bolsa milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesidir.

Sözüniň ahyrynda BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini ýene-de bir gezek aýratyn belledi. Bu dereje ýurdumyzyň gazanan uly üstünligi bolup durýar hem-de onuň sebitdäki öňbaşçy ornuny şertlendirýär. Belent mertebeli myhman Birleşen Milletler Guramasynyň türkmen bitaraplygyny doly goldaýandygyny nygtap, BMG-niň özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Gepleşikler tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we BMG-niň Baş sekretary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň netijelerini beýan edip, belent mertebeli myhmany we onuň wekiliýetiniň ähli agzalaryny türkmen topragynda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekledi we birek-birege düşünişmek, hormat goýmak hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ruhunda geçen netijeli gepleşikler üçin BMG-li hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi.

Bu sapar jenap Antoniu Guterreşiň BMG-niň Baş sekretary hökmünde Türkmenistana ilkinji saparydyr. Biz bu waka bir tarapdan olaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýan özara gatnaşyklarymyzyň möhüm tapgyry, beýleki tarapdan bolsa onuň geljege gönükdirilmegi hökmünde baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz bu gezekki duşuşyga aýratyn ähmiýet berýäris. Çünki ol Türkmenistanyň BMG-ä girmeginiň 25 ýyllygynda amala aşyrylýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygymyzyň jemlerini jemlemäge, onuň geljekki ugurlaryny we gatnaşyklaryň esasy ýörelgelerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, ara alnyp maslahatlaşylan ähli meseleler boýunça Baş sekretaryň goldawyna, gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary dowam etmäge bolan taýýarlygyna anyk göz ýetirdik. Biz Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin maksatlara we dünýä bileleşiginiň wezipelerine laýyk gelýändigi, onuň sebitleýin ýagdaýa oňyn täsir edýändigi, ählumumy ösüşiň köpsanly möhüm meseleleriniň çözülmegini işjeň şertlendirýändigi babatda bir pikire geldik diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmana BMG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meýilnamalary we ugurlary barada habar berendigini aýtdy. Olar biziň garaýşymyzça umumy we maksada okgunly özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny talap edýär. Munuň özi ählumumy we sebitleýin ulgamda parahatçylyga, howpsuzlyga goldaw bermekden, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekden, terrorçylyga garşy göreşmekden, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekden, şeýle hem başga-da birnäçe möhüm meseleleri işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Gepleşikleriň barşynda biz ähli gapma-garşylyklaryň, jedelleriň halkara hukuk kadalarynyň we BMG-niň Tertipnamasynyň esasynda çözülmelidigini aýratyn belledik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Taraplar şeýle hem ulag we energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş hem geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistan we BMG energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň olary ugradyjylaryň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini nazara almagyň esasynda deňeçer, adalatly, aýdyň, ygtybarly we durnukly ulgamyny ýola goýmak boýunça halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýtdylar.

Gepleşiklerde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berildi. Bu ugurdaky, şol sanda Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýygjam gatnaşyklary dowam etmek hakynda ylalaşyldy.

Türkmenistan we BMG terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we beýleki wehimlere garşy göreşmekde tagallalary utgaşdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Türkmen tarapy özüniň BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem dünýäniň haýsydyr bir sebitiniň taryhy, ykdysady, durmuş, medeni we beýleki aýratynlyklaryny nazara almak bilen sebitleýin ähmiýeti bolan bu işlere aýratyn ähmiýet berjekdigini tassyklady.

Men BMG-niň Baş sekretaryny we onuň wekillerini şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdym. Biz öňde boljak Aziadanyň Türkmenistan bilen BMG-niň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze ugrunyň başlanýandygyny alamatlandyrmagyna isleg bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistan üçin anyk seçilip alnan strategik ugurdygyny nygtady. Ol biziň daşary syýasatymyzyň özenini düzýär we biziň içerki ykdysady-durmuş, jemgyýetçilik ösüşimize ägirt uly oňaýly täsir edýär. Biz halkara başlangyçlarymyza, ýurdumyzy ykdysady taýdan netijeli ugra gönükdirmek, demokratik institutlary ösdürmek we tassyk etmek boýunça meýilnamalara, maksatnamalara goldaw berýändigi üçin BMG-ä minnetdardyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda dünýädäki täze ýagdaýlar babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň durnuklylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň kepili bolmagynda galýandygyna, onuň beýik ynsanperwer ýörelgeleriniň, halkara tertibiniň ahlak we hukuk binýady bolan Tertipnamasynyň esaslaryna pugta ynanýar.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretarynyň saparynyň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirip, geçirilen gepleşikleriň hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny, onuň dünýäniň ähli ýurtlarynyň ösüş we abadançylyk maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň gyzyklanmalaryna laýyk gelýändigini tassyklandygyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu saparynyň Türkmenistana üçünji saparydygyny belledi. Ol ozal ýurdumyzda BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary wezipesinde iki gezek bolup görüpdi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Antoniu Guterreş bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde biziň ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerini nygtady. Bu ugurda Türkmenistan degişli maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça hem görelde görkezýär diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Jenap Antoniu Guterreşiň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş sekretary bolmak bilen, ol biziň ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mübärekleýär. Bu däp bolan hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, şol sanda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdiriýetiniň, BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň ugry boýunça we beýleki ulgamlarda pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň biziň ýurdumyzda işleýän düzümleriniň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini hem-de sebit we ählumumy gün tertibi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine ýardam berýändigini nygtady.

BMG-niň Baş sekretary türkmen Lideri bilen bolan duşuşygyň netijelerine doly kanagatlanma bildirýändigini aýtdy. Şol duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleriniň ençemesi girizildi. Şunda Bitarap Türkmenistanyň dünýä proseslerine gatnaşmagynyň wajypdygy hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji ugruny, onuň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşandy we goňşy döwletdäki ýagdaýy syýasy –diplomatik serişdeleri arkaly kadalaşdyrmak boýunça eýeleýän möhüm orny bellenildi.

Belent mertebeli myhman türkmen tarapynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça umumy tagallalara işjeň gatnaşýandygyny nygtap, BMG-niň bu ulgamda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde bu howpa garşy göreşmek boýunça bilelikdäki maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Jenap Agtoniu Guterreş günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň terrorçylyga garşy göreşmek meselesine bagyşlanan duşuşygynyň geçiriljekdigini habar berip, Milletler Bileleşiginiň bu ugurda tagallalary birleşdirmäge ygrarlydygyny 
nygtady.

Belent mertebeli myhman Türkmenistan tarapyndan ädilýän maksadaokgunly ädimleriniň, şol sanda durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, sport hereketini höweslendirmek, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreleriň ähmiýetine ünsi çekip, BMG-niň ýurdumyz bilen dürli başlangyçlary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge örän şat boljakdygyny belledi.

Iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meseleleri boýunça başlangyçlarynyň wajypdygyny nygtady. BMG-niň Baş sekretary bular barada aýtmak bilen, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly derwaýys meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Belent mertebeli myhman Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin uly geljegiň hem-de ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, Türkmenistanyň sebitde möhüm orun eýelejekdigine hem-de onuň oňyn başlangyçlarynyň ählumumy goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda jenap Antoniu Guterreş Aşgabat barada özünde galan täsirler hakynda gürrüň bermek bilen, ak mermerli türkmen paýtagtyna gelip görmek mümkinçiliginiň özünde uly kanagatlanma duýgusyny döredýändigini nygtady. Aşgabat şäheri özüniň gözelligi we sazlaşygy, ajaýyp täze desgalary, ýaşyl öwüsýän seýilgähleri hem-de seýilbaglary bilen haýran galdyrýar.

Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Aşgabatda geçirilen “BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli gepleşiklerine” gatnaşdy.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde belent mertebeli myhman Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyna hem baryp gördi we şol ýerde BMG-niň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň işgärleri bilen duşuşdy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl BMG-niň wekilhanasy Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde gurlan täze ajaýyp binasynda jaý toýuny tutdy. Bu döwrebap ak mermerli edara binasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de şol döwürde BMG-niň Baş sekretary wezipesinde işlän Pan Gi Munuň gatnaşmagynda 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol gün paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat öz işine başlady. Bu taryhy waka Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Şol gatnaşyklar bolsa uzak möhletli geljege niýetlenen köpugurlary öz içine alýar.

Belent mertebeli myhman BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze binasy bilen içgin tanşyp, onuň abadanlaşdyrylyşyna, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilişine hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin döredilen ajaýyp şertlere ýokary baha berdi. Täsin binagärlik ýörelgesi esasynda gurlan hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini alamatlandyrýan edara binasynda netijeli işlemek üçin ähli oňaýly şertler döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerine hemişe uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. BMG-niň düzümleriniň işine Türkmenistanda hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň işgärleri bilen duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş sekretary sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklaryň çäklerinde soňky ýyllarda Durnukly Ösüş Maksatlaryna gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň ençemesi amala aşyryldy we olaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

Soňra belent mertebeli myhman BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkezine bardy we şol ýerde onuň işgärleri bilen duşuşdy.

Şu ýyl Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy bilen bir hatarda bu merkeziň işläp başlamagynyň 10 ýyllygynyň hem bellenip geçilýändigini aýtmalydyrys. Bu merkeziň döredilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda şanly waka boldy. BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkezi işlän döwründe özüni Milletler Bileleşiginiň sebitdäki ygtybarly merkezi hökmünde görkezmegi başaryp, BMG-niň hem-de Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda möhüm meseleleriň köpüsi boýunça ysnyşykly gatnaşyklar üçin möhüm ähmiýetli gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda suw-energetika meselesini, ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak, halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de häzirki döwrüň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, durmuş-ykdysady we ekologiýa meselelerini görkezmek bolar.

Häzirki wagtda merkez sebitde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmakda, onuň giňişliginde durnuklylygy we netijeli özara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Şu maksatlar bilen, BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkezi Merkezi Aziýa döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Merkezde bolmagynyň barşynda BMG-niň Baş sekretary onuň işine ýokary baha berdi hem-de Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, islendik gapma-garşylykly ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň hem-de teklipleriniň ähmiýetini aýratyn belledi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň Aşgabatda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezini açmak baradaky başlangyjy hem bar. Bu başlangyjyň sebitiň ähli döwletleri hem-de tutuş Milletler Bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy hem onuň örän zerurdygyna we derwaýysdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň açylmagynyň sebit gatnaşyklarynyň düýbünden täze nusgasyny döretmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny nygtamalydyrys. Sebitiň taryhynda ilkinji gezek oňyn syýasy gatnaşyklaryň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň hem-de köpugurly diplomatiki binýat hökmünde BMG-niň syýasy – hukuk guralyna we abraýyna daýanmak arkaly bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamagyň merkezine öwrüljek hemişelik hereket edýän iş guramasy döredildi.

Belent mertebeli myhman şu geçen ýyllaryň dowamynda merkeziň işine hemmetaraplaýyn goldaw berendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem bu möhüm ugurda we beýleki ileri tutulýan ulgamlarda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň şu sapary we onuň çäklerinde milli Liderimiz bilen duşuşmagy taraplaryň strategiki hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny, şeýle hem BMG-niň Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli döredijilikli syýasaty halkara bileleşiginiň uzak möhletli bähbitlerine, sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň