Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Bütindünýä serginiň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy

18:5210.06.2017
0
4750

9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynda geçirilýän “Astana EKSPO —2017” atly halkara ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Sergi “Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda geçiriler hem-de dünýä bileleşigini biynjalyk edýän möhüm meseleleriň birini—energiýanyň alternatiw çeşmeleri bilen bagly meseläni şöhlelendirer. Ýurdumyzyň Milli sergi merkeziniň gatnaşýan bu ählumumy sergide energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem-de “ýaşyl ykdysadyýetiň” ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça pikirler we çözgütler bilen tanyşdyrylar.

Türkmen döwletiniň Baştutanyň goňşy ýurda sapary paýtagt şäher Astanadaky Garaşsyzlyk köşgünden başlady. Bu ýerde Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew öz kärdeşini güler ýüz bilen, dostlarça garşylady. Soňra iki döwletiň Liderleriniňa arsynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, türkmen döwletiniň Baştutany sergi toplumynyň çägine, onuň esasy desgasyna — “Nur-Älem” bölümine tarap ugraýarlar. Bu ýerde, VIP zalynda belent mertebeli myhmany ýene-de Gazagystanyň Lideri Nursultan Nazarbaýew mübärekledi. Ol myhmanlara sergi toplumynyň merkezi bölegi, EKSPO — 2017-niň binagärlik nyşany — “Nur-Älem” bölümi bilen tanyşdyrdy.

Onuň gurluşynyň täsinligi bu binanyň dünýäde “doly sfera” görnüşindäki ilkinji binadygy bilen baglanyşyklydyr. Onuň diametri 80 metre, beýikligi 100 metre barabardyr. Binanyň birinji gatynda Gazagystanyň bölümi ýerleşýär. Bu ýerde Gazagystanyň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna, ajaýyp ýerlerine, üstünliklerine  bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.

“Döredijilik energiýasy” bölüminde wideoklip görnüşinde energetika hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda döwlet syýasatynyň gazanan üstünlikleri, Gazagystanyň “ýaşyl ykdysadyýete” geçmek Konsepsiýasy we beýleki milli maksatnamalar, şeýle hem alymlaryň “Geljegiň energiýasy” mowzugy boýunça taslamalary görkezildi.

Sergä gelýänler degişli sebit bilen tanşyp, ol barada maglumatlary alyp biler. Aýratyn ekspozisiýa “Tokamak KTM” halkara taslamasynyň çäklerinde termoýadro reaktoryny döretmegiň üstünde alnyp barylýan işleri şöhlelendirýär. Bölümde “Tokamak KTM” reaktorynyň içki gurluşynyň maketi ýerleşdirilipdir. Onda plazmanyň alnyşy görkezilýär.

Meýdany 23 müň 600 inedördül metre barabar bolan Sferanyň özünde Geljegiň muzeýi ýerleşýär. Ol sergi geçirilenden soň özboluşly innowasion ulgama hem-de möhüm ylmy-barlag we medeni merkeze öwrülmelidir. Sanly, multimediýa we interaktiw tehnologiýalar Sferanyň 2-8-nji derejesini öz içine alýan sergi giňişligi bilen tanyşmagyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Bu ýerde energiýanyň esasy görnüşleri – kosmos, gün, biomassalar, ýel, suw we kinetiki energiýalar görkezilýär.

Liftlerde binanyň ýokarky böleginde ýerleşýän syn ediş meýdançasyna galyp bolýar. Bu ýerden EKSPO-nyň ähli ýerlerine ajaýyp görnüş açylýar.

Dabara gatnaşyjylar Gazagystanyň bölümine syn edip, onuň öňündäki Baş meýdança çykdylar. Bu ýerde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti EKSPO — 2017-niň  açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ol ýokary tehnologiýaly şüweleňden başlandy. Onuň maksatnamasy  Älemiň emele gelmeginden başlap, häzirki döwre çenli energiýanyň taryhyndan düzüldi. Sahnada giň möçberli kinetiki bezegler, transparent yşykly diod ekranlar we aralykdan dolandyrylýan dronlar ýaly innowasion tehnologiýalar ulanyldy.

Soňra ýygnananlar dabaranyň hormatly myhmanlary – bu ýere gelen döwlet Baştutanlary bilen tanyşdyryldy, sahna Gazagystan Respublikasynyň baýdagy dabaraly ýagdaýda çykarylýar, ýurduň  Döwlet senasy  ýaňlanýar, şondan soňra sergä gatnaşýan 115 ýurdunyň baýdaklary göterilip geçilýär. Şeýle hem sergä halkara guramalaryň 22-si wekilçilik edýär.

Açylyş dabarasynda Halkara sergiler edarasynyň prezidenti Stin Kristensen we  

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Naharbaýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň