Türkmenistanyň Prezidenti Astanada HHR-nyň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi

18:3710.06.2017
0
5582

9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada saparda bolýan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlary strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyp, taraplaryň ägirt uly kuwwatyny, milli bähbitleri nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri barada aýdyp, iki ýurduň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklaryny bellediler. Şol başlangyçlar bolsa XXI asyrda dünýäniň gapma-garşylyksyz ösüşi üçin ygtybarly esasy döretmäge, halklaryň hem-de döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin häzirki wagtda Hytaýyň energetika ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtap, gaz pudagynda uzak möhletli hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi. Ol şeýle hem ulag ulgamynda özara gatnaşyklary üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, Türkmenistan — Gazagystan — Hytaý demir ýol ugrunyň  geljeginiň  uludygyny belledi. 

Taraplar bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak bilen, demir ýol ulagy ulgamynda bilelikdäki işiň oňyn tejribesini bellediler. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň çägi arkaly Hytaýy Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňzi sebitleri bilen birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin  ulag logistikasynda  özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şunda söhbetdeşler ýurtlaryň ikisiniň hem ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň   Bütindünýä sergisine gatnaşýandygyna ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine hoşniýetliligiň alamaty hökmünde garaýandygyny belledi. EKSPO-2017-ä gatnaşmagyň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri bütin dünýäde wagyz etmekden, daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmekden, öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr.  

Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmenistanly talyplaryň ýüzlerçesi Hytaýda ýokary bilim alýar.

Şunuň  bilen birlikde sport ulgamynda netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklary ýola goýuldy. 2017-nji ýylyň aprelinde Hytaýyň iri welaýatlarynyň biri bolan Hubeýiň merkezinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyryş dabarasynyň hem-de at çapyşyklaryň geçirilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu çäräniň esasy maksady Aşgabatda geçiriljek Oýunlara ünsi çekmekden hem-de hoşmeýilliligiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň täze keşbini kemala getirmekden ybaratdyr.

Duşuşygyň ahyrynda iki döwletiň Baştutanlary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň döwlet  bähbitlerine we durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň