Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

17:4310.06.2017
0
6162

9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow  Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça  hökümetara türkmen-wenger toparynyň üçünji mejlisini Aşgabat şäherinde geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri barada habar berdi. Aşgabatdaky duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdyşy ýaly, Toparyň nobatdaky mejlisinde anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Şol teklipleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ähli ugurlar boýunça giň möçberli hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berer. Milletiň Lideri bular barada aýtmak bilen, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilen täze desgalary ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Taslamanyň çäklerinde lagym ulgamy we aýlawly suw üpjünçiligi hem-de hapa suwlary arassalaýan ekologik desga, şeýle hem häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen ýokary tehnologiýaly barlaghana guruldy. Mundan başga-da, bu ýerde göçme ekologiýa barlaghanasy bar.  Arassalanylan suw ikinji gezek, şol sanda ekinleri suwarmak üçin ulanylyp bilner. Milletiň Lideri wise-premýere nebithimiýa senagatynyň täze desgalaryny ulanmaga bermäge, iri maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişine, şol sanda Hazar sebitinde gazhimiýa  toplumynyň gurluşygyna gözegçilik etmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew 7-nji iýunda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berlen galla oragy barada hasabat berdi. Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda hormatly ýaşulularyň, tejribeli daýhanlaryň, mehanizatorlaryň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi. Galla ýygnaýan kombaýnlaryň hem-de awtoulaglaryň bökdençsiz işlemegini, bugdaýyň galla kabul ediş bölümlerine talaba laýyk daşalmagyny üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ekin meýdanlarynda gowaça ideg etmek, şol sanda hatar aralaryny bejermek, ekinlere suw tutmak we olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy biologiki usulda göreş çärelerini geçirmek maksady bilen, etraplarda we daýhan birleşiklerinde hereket edýän jemi 379 biokärhanada biologik önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere bugdaý oragynyň depginini güýçlendirmek hem-de bu jogapkärli möwsümde işleýän ähli düzümleriň utgaşykly işlemegini üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyryp, galla oragyny amatly möhletlerde hem-de ýitgisiz geçirmek üçin degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gowaça ideg etmek hem-de oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy göreşi ylmy taýdan esaslandyrylan usulda alyp barmak barada hem anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň   orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanynyň ýurdy senagatlaşdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Gaýtadan işlenen önümleriň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen,  «Türkmendemirönümleri»   döwlet kärhanasy hem-de «Berk menzil     gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Türkmensenagatönümleri»  hojalyk  jemgyýetini döretmek meýilleşdirilýär. Täze dörediljek bilelikdäki kärhanada öndüriljek önümleriň önümçiligi iki tapgyrdan ybarat bolar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, pudaklaýyn kärhanalaryň düşewüntliligini artdyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak ýaly möhüm meselelere ünsi çekip, pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan taslamalary öz wagtynda we ýokary hilli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň binagärlik-şäher gurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmak hem-de köçeleriň durkuny täzelemek boýunça möhüm çäreleriň görülýändigini belledi.  Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, seýilgähleri hem-de seýil baglary abadanlaşdyrmak boýunça işler tamamlandy, Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşen täze seýilgähi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmek meselesine uly üns berilýär: awtoulag ýollarynyň durky täzelenýär, täze awtoduralgalar, ýol aýrytlary gurulýar.

Türkmen paýtagtyny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzyň ähli etraplarynda durmuş hem-de inženerçilik düzümi kämilleşdirmek boýunça utgaşykly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, şol sanda ýaşaýyş jaý toplumlaryny we olara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, jemagat gulluklarynyň işini kämilleşdirmek,  şäheri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek babatda milletiň Lideriniň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri eksport-import amallaryny kadalaşdyrmagyň esasy edarasy hökmünde   Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, onuň işini kämilleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlaryny ýerlemegiň täze ugurlaryny gözlemek maksady bilen, maglumat-marketing ulgamynda biržanyň netijeli işlemegini talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew 22 — 27-nji iýun aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak medeni çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hepdeligiň çäklerinde döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary, şygryýet agşamlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, şeýle hem  V Aziýa oýunlary mynasybetli neşir we çaphana önümleriniň, fotosuratçylaryň işleriniň sergisi,  opera we sahna oýunlarynyň, çeper filmleriň görkezilişi guralar. Muzeý işgärleriniň we arheologlaryň gatnaşmagynda geçiriljek ylmy maslahatyň barşynda milli taryhy-medeni mirasy mundan beýläk-de öwrenmegiň we wagyz   etmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralary Mukamlar köşgünde geçiriler hem-de sungat ussatlarynyň konserti guralar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bu möhüm forumyň çäklerinde göz öňünde tutulan döredijilik çäreleriniň guramaçylyk derejesiniň onuň belent ruhuna hem-de ähmiýetine laýyk gelmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamak  boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Iki tapgyrda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bu konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini   kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we ylym ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, adamyň durmuşynda maglumatlaryň hem-de bilimleriň ornunyň artmagynyň we maglumat jemgyýetini kemala getirmegiň innowasion esasda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň wajypdygyny şertlendirendigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow «Türkmenhowaýollary»  gullugynyň Internet saýtynyň üsti bilen awiapetekleriň satuwyny amala aşyrmagy guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ony iki tapgyrda işe girizmek meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň internet-saýty arkaly awiapetekleriň satuwyny amala aşyrmak baradaky teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýyl Daşary işler ministrliginiň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparyň işini guramak babatda alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Degişli çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazarda giň we oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, türkmen tarapynyň Hazar meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparyň möhüm ornuny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine bu düzümiň netijeli işlemegini hem-de onuň öňünde durýan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň  Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek babatda milli parlamentiň alyp barýan işleri, deputatlaryň halkara  derejesindäki çärelere gatnaşyşy hem-de ýerlerde alyp barýan işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmak, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň