Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýüpekçileri borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

05:1709.06.2017
0
3273

Türkmenistanyň ýüpekçileri möhüm zähmet üstünligini gazandylar. Olar döwlete 2 müň 40 tonna golaý pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hoş habar berdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “2017-nji ýylda pile öndürmek hakynda”  kabul eden Kararyna laýyklykda ýurduň Dokma senagaty ministrligine 2 müň 30 tonna möçberinde pile satyn almak hakynda kärendeçiler bilen şertnama baglaşmak tabşyryldy.

Şu ýyl kärendeçiler borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip, Ahal welaýatynda 155,7 tonna, Balkan welaýatynda 25,3 tonna, Daşoguz welaýatynda 489 tonna, Lebap welaýatynda 961,8 tonna we Mary welaýatynda 407,2 tonna pile hasylyny ýygnadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň