Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherjiginde iş maslahatyny geçirdi

15:5308.06.2017
0
1504

Olimpiýa şäherjiginiň Halkara ýaýlyma beriş we metbugat merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň öňýanynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli Maryda geçiriljek dabaralara bagyşlanan wideofilm görkezildi. 

Iş maslahatynyň dowamynda dabaralaryň maksatnamasy we “Aziada — 2017 dünýä metbugatynda” atly halkara media forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, bu foruma dünýäniň 39 ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň  wekilleri gatnaşar.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatynyň çäklerinde Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny dolandyrmak boýunça ýörite düzümi döretmek hakyndaky teklip öňe sürüldi.

Bu desgalary mundan beýläk-de netijeli ulanmak üçin Aşgabat şäher häkimliginiň ýanynda Olimpiýa şäherjiginiň müdirligini döretmek teklip edildi. Deslapky hasaplamalara görä, müdirligiň garamagyna beriljek binalarda, desgalarda we onuň merkezi edara ediş binasynda täze iş orunlarynyň 1273-si dörediler. Aşgabat şäher häkimliginiň ýanyndaky täze dörediljek Müdirligi Olimpiýa şäherjiginiň işewürlik merkezinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti teklibi oňlap, “Aşgabat şäherinde bina edilen Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumyny dolandyrmak meseleleri baradaky” Karara gol çekip, şäherjigiň desgalarynyň Aziýa oýunlary geçirilenden soň hem işjeň herekete girizilmelidigini belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe iýmit bilen üpjünçiligi guramak boýunça geçirilen işler barada hasabat bermek bilen, geçirilen bäsleşigiň jemleri barada habar berip, onda ýurdumyzyň hususy kompaniýasynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany maslahatyň dowamynda “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça işleri ýerine ýetirmek hakynda” Karara gol çekdi.

Iş maslahatynyň jemini jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagy üçin ähli zerur şertleri üpjün etjekdigini aýtdy we Türkmenistanyň sport döwleti  hökmünde ykrar edilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň