Soňky habarlar

Архив новостей

Aziada — 2017-niň geçýän günlerinde metbugat wekillerine uly mümkinçilikler garaşýar

15:5008.06.2017
0
355
Aziada — 2017-niň geçýän günlerinde metbugat wekillerine uly mümkinçilikler garaşýar

Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň Halkara ýaýlyma beriş merkezine baryp gördi. Bu ýerde gepleşikleri ýazmak, sorag-jogap alyşmak üçin studiýalar, maslahat zallary, teleradio kompaniýalaryň, gazetleriň, žurnallaryň, habarlar agentlikleriniň işgärleri üçin enjamlaşdyrylan we beýleki kömekçi otaglar göz öňünde tutuldy. Ýeri gelende aýtsak, olar birnäçe ulgamlara bölünipdir. Bu bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň birek-birege päsgel bermezden iş alyp barmagyna mümkinçilik döredýär.

Binanyň birinji gatynda 260 orunlyk metbugat maslahatyna niýetlenen zal, 62 orunlyk fotosuratçylar üçin açyk görnüşli edara ediş otaglary, 110 orunlyk kafe-restoran, ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen otaglar, şeýle hem tehniki we beýleki edara desgalary bar.

Onuň ikinji gatynda 98 orunlyk media otaglary ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde tehniki gözegçilik enjamlary bolup, olarda hünärmenler degişli gepleşiklere gözegçilik edip bilerler. Merkezi enjamlar otagynda gepleşikleriň sesiniň we görnüşleriniň hiline gözegçilik ýola goýlar. Şeýle hem merkezde alyp baryjylaryň sesleri 3G we 4K görnüşinde işleýän ýaýlym enjamlary bilen ugradylar. Bu bolsa aragatnaşyk ulgamy boýunça wideogörnüşleriň ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berýär. Ýaýlym enjamlarynyň işgärleri aýratyn edara ediş otagy göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem radio we radioýaýlymyň enjamlary, B3TC gözegçilik enjamy, abatlaýyş topary, ýazgylary kebşirleýän enjam, ulgama degişli bolmadyk kebşirleýiş enjamy, grafika, görnüşleri üýtgedýän, maglumatlary saklaýan we ýazýan enjamlar bilen üpjün edildi.       

Ikinji gatda Halkara Olimpiýa komitetiniň edara binalary ýerleşdirildi. Üçünji gatda hem 98 adama niýetlenen açyk görnüşli otаglar, sene-merkeziniň serwer enjamlary, tehniki otaglar bar. Binanyň dördünji gatynda  söhbetdeşlikleri ýazgy etmek üçin  studiýa, onuň ýanynda bolsa studiýa enjamlary, duşuşyklary taýýarlamaga niýetlenen otaglar bar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň