Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherjiginiň lukmançylyk toplumyna baryp gördi

15:4908.06.2017
0
252
Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherjiginiň lukmançylyk toplumyna baryp gördi

7-nji iýunda Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanşan Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherjiginiň dikeldiş we okuw otagy bolan ylmy-barlag barlaghanany özünde jemleýän lukmançylyk toplumyna baryp gördi. Iki gatly dikeldiş merkeziniň umumy meýdany 3 müň 225 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde hünärmenler birbada 202 adamyny kabul edip bilýärler. Anyklaýyş, fizioterapiýa, EKG, ultra ses, tomografiýa we beýleki otaglar häzirki zaman ugurdaş enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň näsaglary kabul edip bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Binada bejeriş ähmiýetli bedenterbiýe üçin gimnastika zaly, ýüzüş howzy, refleksoterapiýa, akupuntura, infragyzyl şöhle, elektroterapiýa, wakuum terapiýasy, galbanoterapiýa, ingalýasiýa, lazer ulanylýan otag, ozon, parafin-ozokerit, owkalama otaglary bar. Barlaghanalarda iň täze barlag enjamlary oturdyldy. Bu ýerde 44 orunlyk çaýhana hereket edýär. Şeýle hem näsaglar üçin 8 ýatyş otagy bar.

Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe türgenleriň şikes alan halatynda tiz kömek bermek üçin dürli ugurlar boýunça Germaniýadan ýokary hünärli lukmançylyk işgärleri çagyrylar.

Ylmy-barlag we okuw merkezi üç gatly binada bolup, onuň umumy eýeleýän meýdany 706 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde 23 hünärmen işlär. Okuw merkezi 44 diňleýji üçin niýetlenendir. Bu ýerde olar üçin usulyýet we amaly sapaklar otaglary bar. Şeýle hem binada uly bolmadyk maslahat zaly hem-de aşhanasy bolan naharhana hereket edýär.

Ylmy-barlag merkeziniň barlaghanasyndaky hünärmenler bu ýerde bar bolan dünýäniň belli önüm öndürijileriniň ýokary derejeli we kämil enjamlary barada gürrüň berdiler hem-de döwrebap enjamlaryň mümkinçilikleri barada aýtdylar.

Barlag we barlaghana enjamlarynyň, himiki serişdeleriň we kliniki serişdeleriň önümçiliginde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan ABŞ-nyň “Tihermo Fished Scientific”  kompaniýasynyň toplumlaýyn operasiýa ulgamyny üpjün edýän anyklaýyş işlerini üpjün edýän toplumy gurlupdyr. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň