Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherjigindäki ýaşaýyş toplumy bilen tanyşdy

04:5908.06.2017
0
5926

7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Ol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport wekiliýetleriniň ýerleşjek ýeri bolan ýaşaýyş jaý toplumy, lukmançylyk merkezi we Halkara ýaýlyma beriş merkezi   bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany, ilki bilen, türgenler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumynyň desgalaryny synlady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm desgalaryň ýagdaýyny, olaryň inženerçilik-tehniki üpjünçiligini, şeýle hem bezeg aýratynlyklaryny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýaşaýyş toplumy 12 müň orunlyk bolup, bu ýerde daşary ýurtly türgenler, tälimçiler, lukmanlar, wekiliýetiň düzümindäki tehniki işgärler, metbugat wekilleri we beýlekiler ýerleşerler. 12 gatly 20 jaýdan ybarat bolan ýaşaýyş jaý toplumlary binalar toplumyny emele getirýär. Olaryň birinde 6 sany ýaşaýyş jaýy bolup, ol binalar şäherjigi gurmagyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde guruldy. Olar 1 müň 628  öýden ybarat bolup, 3 müň 274 orunlykdyr. Üçünji nobatdaky tapgyrda gurlan 14 sany ýaşaýyş jaýlarynda 2 we 3 otagly öýleriň 1 müň 356-sy bolup, olara türgenleriň 8 müň 800-e golaýy ýerleşdiriler.

Ähli amatlyklary bolan otaglar 75 inedördül metrden 148 inedördül metr aralygyndadyr. Her toplumda mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň ýaşamagyna niýetlenen ýörite öýler göz öňünde tutuldy. Binalar döwrebap liftler, häzirki zaman durmuş we hyzmat ulgamlary bilen üpjün edildi.

Milletiň Liderimi bu ýerde ýaş türgenler bilen bolan söhbetdeşlikde olaryň dünýäniň köp ýurtlarynda abraýly ýaryşlara, şol sanda Olimpiadalara gatnaşandygyny aýdyp, bu ýerde döredilen şertleriň daşary ýurtlardaka garanyňda näderejededigi bilen gyzyklandy. Olar bu ýerdäki ýaly gowy şertleri dünýäniň hiç bir ýerinde görmändiklerini aýtdylar. Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ähli ugurlaryň, ýönekeý we çylşyrymly serişdeleriň göz öňünde tutulandygyny aýdyp, türgenler bu mümkinçilikleriň täze derejelere laýyk gelýändigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň