Olimpiýa şäherjigini dolandyryş müdirligi döredildi

03:3008.06.2017
0
4173

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramak we geçirmek, Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumynyň talabalaýyk saklanylmagyny we netijeli dolandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine öz garamagynda Olimpiýa şäherjigini dolandyryş müdirligini bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimligine 2017-nji ýylyň awgust aýyna çenli Olimpiýa şäherjiginiň binalaryny we desgalaryny, şeýle hem olarda gurnalan enjamlary degişli edaralaryň hasabyna bellenen tertipde muzdsuz bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň