Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly monografiýa çap edildi

21:5407.06.2017
0
22142

Onda özygtyýarly we Bitarap döwletiň kemala gelmeginiň taryhy, Garaşsyzlygyň 25 ýyly içinde ýetilen sepgitler barada gürrüň berilýär.

Neşirde milli ykdysadyýetiň we ýaşaýyş-durmuş  ulgamynyň, halkyň ruhy-ahlak galkynmagynyň, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň, şahsyýeti hemmetaraplaýyn terbiýelemek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň güýçli depginde ösüşine möhüm orun berilýär. Monografiýanyň 8 bapdan we 43 paragrafdan durýanlygy ondaky meseleleriň ählisine toplumlaýyn çemeleşilendiginden habar berýär.

Neşirdäki maglumatlar Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň asylly maksatlary, ýurdumyzyň ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek ýolunda gazanylan üstünlikler bilen ruhlanan türkmenistanlylaryň milli Liderimiziň  alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, köpugurly we netijeli işlerini biragyzdan we doly goldaýandyklaryny, bir pikir hem-de ymtylyş bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek höwesi bilen hyjuwlanýandyklaryny ynandyryjylykly subut edýär.

Kitapda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşlarynda, ýüzlenmelerinde, gutlaglarynda, interwýularynda, makalalarynda we ylmy işlerinde, hususanda, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly 9 tomluk saýlanan eserlerinde beýan edilen esasy taglymatlar giňden peýdalanylýar. Şeýle hem neşiriň awtorlary 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň (rejelenen görnüşi) düzgünlerinde, statistiki ýygyndylarda, gündelik metbugatyň maglumatlarynda, ylmy edebiýatda we beýleki çeşmelerde beýan edilen pikirlere salgylandylar.

Kitabyň netijenamasynda jemleýji netijeler beýan edildi. Onda, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüne mahsus bolan gujur-gaýraty we maksada okgunlylygy bilen eziz halkyny ene topragynyň hakyky gülläp ösüşine, onuň tükenmez tebigy baýlygyny önjeýli we netijeli peýdalanyp bolçulyga, ajaýyp geljege alyp barýar diýip aýdylýar. Bu maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler: jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, zähmetkeş halk, onuň agzybirligi we jebisligi, güýçli prezident häkimiýeti, parahatçylyksöýüji daşary syýasaty bar.

Umuman, neşirde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň çuňňurlygy hem-de taglymat täzeçilligi, durmuş ugurlylygy hem-de adalatlylygy, şeýle hem ýurdumyzyň okgunly öňe barýan häzirki döwrüniň ruhy we sazlaşygy beýan edilýär. Şunda, däp-dessurlar häzirki döwrüň meýilleri – oňyn özgertmeler, taryhy-medeni mirasymyz ösüşler bilen sazlaşykly utgaşýar.

Aýratyn kitap görnüşinde türkmen we rus dillerinde çap edilen monografiýa okyjylaryň giň köpçüligine niýetlenendir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň