Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylarynyň topardaşlary ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler

18:1207.06.2017
0
944

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň yklym ýaryşynyň saýalama tapgyryndaky topardaşlary — Bahreýniň we Singapuryň ýygyndy toparlary nobatdaky tapgyryň öňüsyrasynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler.

Singapurly futbolçylar öz meýdanynda Mýanmanyň ýygyndysyny kabul etdi. Duşuşyk garşydaşlaryň hersiniň bir gol geçirmegi bilen tamamlandy. Birinji ýarymynda golsuz geçen duşuşygyň 65-nji minudynda myhmanlar T.Aungyň goly bilen öňe saýlanan hem bolsalar, esasy wagtyň iň soňky minudynda ýer eýeleri hasaby deňlemegiň hötdesinden geldiler. Singapuryň ýygyndysyndan N.Nazari tapawutlandy.

Bahreýniň ýygyndysy bolsa ýoldaşlyk duşuşygynda palestin futbolçylaryny kabul etdi. Duşuşyk myhmanlaryň 0:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Mälim bolşy ýaly ýaly, Bahreýniň milli ýygyndysy toparçanyň ikinji duşuşygynda türkmen futbolçylarynyň myhmany bolar. Duşuşyk 13-nji iýunda Daşoguz şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň