«Ahal» futbol klubynyň başlygy Guwançmuhammet ÖWEKOW bilen söhbetdeşlik

15:2102.06.2017
0
253
«Ahal» futbol klubynyň başlygy Guwançmuhammet ÖWEKOW bilen söhbetdeşlik

Baş maksat — ýene-de yklym ýaryşlaryna gatnaşmak

«Ahal» futbol topary milli çempionatymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri çykyş edip gelýär. Ýöne topar taryhyndaky iň uly üstünliklerini «Türkmennebitönümeri» Baş müdirliginiň hemaýatkärliginde gazandy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Müdirlik topara hemaýatkärlik edip başlandan soň, «Ahal» ýurdumyzyň çempionatynda öňdäki orunlara, iki gezek Türkmenistanyň kubogyna, bir gezek Naýbaşy kuboga mynasyp boldy. 2015-nji ýylda bolsa topar AFK-nyň kubogynda ýurdumyzyň futbol abraýyny gorady.

Häzirki dowam edýän futbol möwsüminde bolsa «Ahalyň» has üstünlikli çykyş edýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ikinji aýlawynyň duşuşyklary geçirilýän möwsümde «Ahal», häzirlikçe, ýaryş tertibiniň birinji ornunda. Biz «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hemaýatkärligindäki toparyň öňde goýan maksatlary, onda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, «Ahal» futbol klubynyň başlygy Guwançmuhammet ÖWEKOWA ýüz tutduk.

         Guwançmuhammet, şu söhbetdeşligi, aslynda, möwsümiň başynda meýilleşdiripdik. Ýöne sähedi şu güne eken. Şonuň şeýledigine begenmän hem duramzok. Çünki toparyň edil häzirki orta goýýan oýny onuň möwsüm üçin goýan maksady barada öz ýanyňdan pikir öwürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, «Ahalyň» şu ýylky maksatlary barada siziň öz diliňizden hem eşidäýsek.

         — Häzir toparyň çempionatdaky çykyşy, hakykatdan-da, gowy. Emma entek ýaňy ikinji aýlaw dowam edýär. Öňde ýene iki aýlaw bar, çempionlyk ýa-da öňdäki orunlar hakynda gürrüň ederden entek ir. Şeýle-de bolsa, maksadymyzyň çempionatyň ilkinji üç ornunyň biridigini, geljek ýyl bolsa AFK-nyň kubogyna gatnaşmagy maksat edinýändigimizi aýdyp bilerin.

         — «Ahal» möwsüme Ýokary ligada tejribesi iň az ýaş tälimçi bilen girişdi. Şeýle-de bolsa, tälimçi bilen futbolçylaryň bilelikdäki yhlasy miwesini berýär. Toparyň möwsüme taýýarlyk görşi barada näme aýdyp bilersiňiz?

         — Eýýäm ýanwar aýynda türgenleşiklere girişdik. Topar käbir tejribeli hem-de geljegine ynam bildirilýän ýaş futbolçylar bilen güýçlendirildi. Ouw-türgenleşikleriň dowamynda edil biz ýaly Ýokary liganyň täze möwsümine taýýarlyk görýän käbir toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdik. Mahlasy, möwsüme taýýarlykly geldik diýip bileris.

         — Häzirki türgenleşikler nähili tertipde alnyp barylýar?

         — Duşuşyklaryň geçirilmeýän günlerinde her gün türgenleşýäris. Türgenleşikler kä gün iki wagtyna geçirilse, käte günüň bir wagtynda bolýar. Özi-de diňe bir futbol meýdanynda däl-de, trenažor zallarynda, howuzlarda, şeýle hem duşuşyklaryň wideoýazgylaryna tomaşa etmek arkaly türgenleşikler alnyp barylýar.

         — Hem klubyň başlygy, hem-de tejribeli futbolçy hökmünde toparyň häzirki oýunlary baradaky pikirleriňiz hem gyzykly.

         — Toparyň edil häzirki oýnundan bizem, ýolbaşçylarymyzam, janköýerlerimizem hoşal. Röwşen Meredow ýaş hem-de ýadamany-ýaltanmany bilmeýän tälimçi. Ol işi söýýär. Russiýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş edýän «Rostow» toparynda tälimçilik edýän ildeşlerimiz bilen ýygy-ýygydan habarlaşyp, futbolyň Ýewropa görnüşinde özüni kämilleşdirmek üçin yzygiderli işleýär. Munuň üstesine-de, futbolçylarymyzyň yhlasy bilen, topar ýaryş tertibinde görmek islän ornumyza geldi. Elbetde, ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyryň» entek ätiýaçda birnäçe oýny bar. Şu ýyl AFK-nyň kubogynda ýurdumyzyň futbol abraýyny guwanarlyk derejede goraýan bu toparyň ätiýaçlykdaky duşuşyklarynyň hem ýeňil bolmajakdygyny aýdyp bileris. Mahlasy, şu depgin dowam etse, möwsümiň ýaryny birinji ýa ikinji orunda tamamlamaga mümkinçiligimiz bar.

         — Üçünji aýlawa çenli biraz arakesme berler. Topary güýçlendirmek üçin täze futbolçylary almak maksadyňyz barmy?

         — Üçünji aýlawdan başlap, häzir başga toparlarda çykyş edýän käbir futbolçylary toparymyza goşmak üçin gepleşikleri alyp barýarys. Şolardan edil şu wagt Elman Tagaýew (häzir «Altyn asyrda» çykyş edýär) toparymyza goşulmaga has ýakyn diýip bileris. Başga-da üç-dört oýunçy bilen gepleşikleri alyp barýarys.

         — «Ahal» öňdäki orunlara mynasyp topardygyny ýakynda «Altyn asyr» hem-de «Balkan» bilen geçirilen duşuşyklarda subut etdi. Şolaryň ikisi hem «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Şol oýunlar barada näme aýdyp bilersiňiz.

         — Ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyr», hakykatdan-da, güýçli topar. Toparyň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda AFK-nyň kubogyndaky üstünlikli çykyşy hemmämizi buýsandyrýar. 2017-nji ýyla geçip, resmi duşuşyklaryň hiç birinde-de ýeňilmedik şeýle güýçli garşydaşy ýeňmek, elbetde, uly üstünlik. «Altyn asyr» bilen duşuşyga diňe ýeňiş gazanmak üçin çykdyk, maksadymyz hem myrat tapdy. «Balkan» hem çempionatymyzda üstünlikli çykyş edýän toparlaryň biri. Ýurdumyzyň bassyr dört gezek çempiony bolan topar soňky iki möwsümi kümüş medal bilen tamamlady. «Balkany» Balkanabatda ýeňmek asla aňsat däl. Şonuň üçin hem duşuşygyň çylşyrymlylygy «Altyn asyr» bilen geçiren duşuşygymyzdan pes bolmady. Şeýle-de bolsa ikinji ýarymdaky oýlanşykly oýun toparymyza uly hasaply ýeňşi getirdi. Maksatdaş, ýagny çempionlyk ýa-da öňdäki orunlar üçin oýnaýan toparlardan gazanylan ýeňiş, elbetde, futbolçylarymyzy has-da ruhlandyrýar.

         — Umuman, şu ýyl pylan topar çempion bolar diýip, öňünden bir zat çaklamak kyn. Diňe «Ahal», «Balkan» ýa-da «Altyn asyr» däl, başga-da möwsüme ýokary taýýarlyk bilen gelip, AFK-nyň kubogyna gatnaşmagy maksat edinýän toparlarymyz başga-da bar.

         — Dogry aýdýarsyňyz, şu ýyl çempionatda juda ýiti bäsdeşlik dowam edýär. Hatda ýaryş tertibiniň aşaky orunlaryndaky toparlar bilen geçirilýän duşuşyklarda hem ýeňiş gazanmak kyn. Siziň agzan toparlaryňyzdan başga-da, «Energetik», «Şagadam», «Köpetdag», «Aşgabat» ýaly toparlar hem güýçli garşydaşlar. Şonuň üçin şu möwsümde mundan beýläk hem her duşuşykda ýiti göreş garaşýar. Güýçli toparlaryň kän bolmagy çempionatyň derejesini ýokary galdyrýar. Çempionatyň ýokary derejede bolmagy bolsa tutuş türkmen futbolynyň halkara abraýyna oňyn täsirini ýetirýär.

         — «Ahalyň» futbolçylaryň şahsy üstünliklerini hem ýatdan çykarmaly däl. Hüjümçi Myrat Annaýew bassyr alty duşuşykda tapawutlanyp, futbolymyzyň taryhynda, aslynda, dünýä futbolynyň taryhynda-da juda seýrek duş gelýän zady başaran bolsa, ýarym goragçy Merdan Gurbanow şonça duşuşykda geçirilen pökgülere ýardam urgularyny geçirdi.

         — Hemmesi topardaky agzybirligiň miwesi. Toparda häzir 23 futbolçy bar. Olaryň ortaça ýaşy bolsa 25-den kiçi. Hatda 17-18 ýaşly futbolçylar hem bar. Emmä Didar Hajyýew ýaly milli çempionatymyzda eýýäm ençeme ýyl bäri çykyş edip gelýän tejribeli futbolçylaryň meýdanda bolmagy we olaryň oýun wagtynda tutuş topary dogry dolandyrmagy umumy netijä uly täsirini ýetirýär. Umuman, el-ele berip, maksadymyza tarap has ýakynlaşýarys.Maksadymyz bolsa, ýaňam aýdyşymyz ýaly, möwsümi öňdäki orunlarda tamamlap, yklym ýaryşyna — AFK-nyň kubogyna gatnaşmak.

         Guwançmuhammet, söhbetimiziň ahyrynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň kluba berýän goldawlary hakynda hem iki agyz aýdaýsaňyz.

         — Biz müdirlige çäksiz hoşallyk bildirýäris. Müdirlik tarapyndan toparymyza uly üns berilýär. Duşuşyklary ýokary derejede, maksada okgunly geçirmek üçin bize ähli şertler döredilýär. Öz meýdanymyzdaky duşuşyklarda-da, myhmançylykdaky oýunlarda-da hiç hili bökdençlik bolanok. Futbolçylar her dürli höweslendirilip, agzybir hem-de maksada okgunly topary saklap galmak üçin ähli şertler döredilýär. Geljekde hemaýatkärimiz bilen bilelikde, «Ahal» futbol klubynyň çagalar akademiýasyny döretmek barada hem işleri alyp barýarys. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek baradaky tagallalaryna jogap edip, türkmen futbolynyň mundan beýläk hem dünýä ýüzündäki abraýynyň artmagyna goşýan goşandy üçin müdirlige ýene bir ýola hoşallyk bildirýäris.

         Guwançmuhammet, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Topara mundan beýläk hem üstünlik, öňde goýan maksadynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris.

         — Sag boluň!

Söhbetdeş bolan

Agageldi ITALMAZOW

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň