Soňky habarlar

Archive news

FIFA 17-ä isleg uly

16:4825.05.2017
0
339
FIFA 17-ä isleg uly

Kompýuter oýunlarynyň muşdaklarynyň her ýyl hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan oýunlarynyň biri FIFA tapgyrynyň täze nesli amatlylygy bilen esasy bäsdeşi PES 2017-den biraz yza galan-da bolsa, muşdaklarynyň ony satyn almaga islegi juda ýokary. Hatda ol soňky hepdelerde dünýä boýunça iň köp satylan kompýuter oýny bolmagynda galýar. Üstesine-de, garaşylmadyk netijeler bilen!

FIFA 17-niň satylyşy mundan onuň ilkinji çykan günlerine garanyňda 18 göterime çenli ýokarlandy. Şeýlelikde, ol FIFA tapgyrynyň 2013-nji ýyldaky rekordyny täzeläp, ilkinji hepdeleriň iň gowy netijesini görkezdi. PES 2017 bolsa iň kän isleg bildirilýän kompýuter oýunlarynyň ilkinji onlugynda 6-njy orny eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, FIFA 17 we PES 2017 komýuter futbol oýunlary geçen ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ongünlüginde köpçülige hödürlenildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň