Ýokary liga — 2017: 16-njy tapgyryň gysgaça hasaplamalary

16:4125.05.2017
0
1337

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

14 gol: Tapgyrda derwezelere 14 gol girizildi, her duşuşykda 3,5 goldan. Şeýlelikde, 16-njy tapgyr şu möwsümde iň kän gol geçirilen ikinji tapgyr boldy.

1 täzeje: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna ýene bir futbolçy goşuldy.

67 futbolçy, 167 gol: Şeýlelikde, her futbolçy ortaça 2,4 goldan geçirdi.

Kime adalat, kime gussa: Tapgyrda geçirilen duşuşyklaryň ikisinde ýer eýeleri, ikisinde-de myhmanlar ýeňiş gazandy.

Dubllaryň täze tapgyry üçe ýetdi: Dubllaryň möwsüminde ýene-de üç tapgyrdan bäri bir duşuşykda iki gezek tapawutlanýan futbolçylar ýüze çykýar. Möwsümiň ozalky rekordy 12 tapgyrdy. Göreliň, rekord täzelenermikä?

«Energetik» — «Merw» — 1:2.

Gollar:

0:1, Rustam Mätryzaýew 25’

0:2, Rustam Mätryzaýew 45+2’

1:2, Alibek Abdyrahmanow 55’.

Birinji aýlawda — 2:0.

Oýun sany bilen utuk deňleşdi: Möwsümde 13 duşuşyk geçiren «Merw» utuk sanyny hem 13-e deňledi.

6 gol, 3 dubl: Rustam Mätryzaýew şu ýyl tapwutlanan duşuşyklarynyň ählisinde-de iki goldan geçirdi.

Iki duşuşykda 3:2: Iki duşuşygyň netijesi boýunça «Energetik» — «Merw» — 3:2.

Ýeňşi dubllar getirdi: Şu ýyl iki toparyň arasynda geçirilen duşuşyklaryň ikisinde-de ýeňiji garşydaşyň derwezesine iki pökgi geçirdi. Şol pökgüleriň ikisinň hem awtory şol bir futolçydyr. Ýatlalyň, 7-nji tapgyrda «Energetik» «Merwi» Guwanç Abylowyň goşa goly bilen ýeňipdi.

«Turan» — «Şagadam» — 0:2.

Gollar:

0:1, Myrat Hamraýew 6’

0:2, Hydyr Ýakubow 42’.

Birinji aýlawda — 3:0.

Iki duşuşykda 5:0: Şu möwsümde geçirilen iki duşuşygyň netijesinde «Şagadam» «Turanyň» derwezesinden jogapsyz 5 gol geçirdi.

Ýene Hamraýew başlady: «Şagadamyň» şu ýyl «Turan» bilen geçiren iki duşuşygynda-da ilkinji gol goragçy Myrat Hamraýewden geldi.

«Balkan» — «Aşgabat» — 5:0.

1:0, Hemra Amanmämmedow 21’

2:0, Mämmedaly Karadanow 53’

3:0, Yhlas Magtymow 65’

4:0, Yhlas Magtymow 75’

5:0, Mämmedaly Karadanow 77’.

Birinji aýlawda — 2:0.

Rekordy täzeläp bilermi?: Hemra Amanmämmedow bassyr dördünji duşuşykda tapawutlandy. Ýatladýarys, möwsümiň şahsy gol rekordy — 6 oýun.

Karadanow dolanyp gelýär: Geçen ýylyň dowamynda 3 gol geçiren Mämmedaly Karadanow bu ýyl gollarynyň sanyny eýýäm 4-e çykardy. Göreliň, tejribeli hüjümçi möwsümiň dowamynda ýaşlygyny ýatladyp bilermikä?

Bombardirlige şärik ýene bir ýarym goragçy: Yhlas Magtymow gollarynyň sanyny 10-a çykaryp, bombardirlik ýaryşynda «Şagadamdan» Amir Gurbana şärikdeş boldy.

Tapawut kemi ýok: Duşuşyk şu möwsümdäki iň uly tapawutly duşuşyklaryň biridir. Mundan 5 gol tapawut bilen tamamlanan bir, 6 gol tapawut bilen tamamlananam bir duşuşyk bardy. Gyzykly ýeri, ozalky uly hasapda ýeňiş gazanan toparlaryň ikisi-de myhmançylykda çykyş edipdi.

Magtymow — ilkinji: Yhlas Magtymow şu möwsümde bassyr iki duşuşykda dubl eden ilkinji futbolçydyr. Ýeri gelende aýtsak, bu dubl onuň möwsümdäki üçünji dubludyr.

Iki duşuşykda 7:0: «Balkan» şu möwsümdäki iki duşuşygyň netijesi boýunça «Aşgabatdan» gol geçirmekde 7:0 öňde.

Iki duşuşykda üç dubl: Toparlaryň arasynda birinji aýlawda geçirilen duşuşykda hem Akmämmet Metdäýew iki gezek tapawutlanypdy.

«Altyn asyr» — «Köpetdag» — 4:0.

Gollar:

1:0, Altymyrat Annadurdyýew 33’

2:0, Myrat Ýagşyýew 79’

3:0, Altymyrat Annadurdyýew 82’

4:0, Arslanmyrat Amanow 90+5’.

Birinji aýlawda — 3:1.

Bir tapgyrdan soň: Geçen tapgyrda «Aşgabatdan» ýeňlip, altynjy orna düşen «aragatnaşykçylar» ýene-de bäşinji basgançaga gaýdyp geldiler.

Gynandyryjy ýubileý duşuşyk: Derwezesinde dört gol gören «Köpetdag» bu tapgyrda Ýokary ligadaky 50-nji duşuşygyna çykdy.

14 duşuşykda 14 utuk: Şeýlelikde, şu möwsümde 14 duşuşyk geçiren «Köpetdagyň» utugy hem 14-e deň.

2 gol we 41 basgançak ýokary: Şu duşuşyga çenli möwsümde diňe ýekeje goly bolan Altymyrat Annadurdyýew bu gezekki dubly bilen bombardirleriň sanawynda 59-njy orundan 18-nji orna çenli ýokary çykdy.

Ýene-de gol: 6 oýunlyk golly tapgyrdan soň, bir duşuşykda arakesme beren Myrat Ýagşyýew möwsümiň bombardirleriniň sanawynda hem üçünji orunda ýerleşdi.

Iki duşuşykda 7:1: «Altyn asyr» — «Köpetdag» möwsümde geçiren iki duşuşygynyň netijesi boýunça 7:1.

Diňe Myrat Ýagşyýew: Myrat Ýagşyýew şu möwsümdäki «Altyn asyr» — «Köpetdag» duşuşyklarynyň ikisinde-de tapawutlanan ýeketäk futbolçydyr.

«Ahal» — dynç alyş.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň