Ýokary liga — 2017: 15-nji tapgyryň gysgaça hasaplamalary

15:1624.05.2017
0
169
Ýokary liga — 2017: 15-nji tapgyryň gysgaça hasaplamalary

Tapgyryň umumy aýratynlygy:

Orunlar üýtgeýär: Bu tapgyrdan soň, ýaryş tertibinde iki üýtgeşme boldy — dördünji orundaky «Balkan» üçünji, altynjy basgançakdaky «Aşgabat» bäşinji orna geçdi.

Dört täze wekil: Şu möwsümde tapawutlananlaryň sanawyna ýene dört futbolçy goşuldy we sanaw 66-a çykdy.

11 gol: Tapgyrda derwezelere 11 pökgi geçirildi.

66 futbolçy, 153 gol: Möwsümde 66 futbolçy 153 gol geçirdi. Her futbolça 2,3 goldan düşýär.

«Köpetdag» — «Turan» — 3:1.

Gollar:

0:1, Timur Altyýew 15’

1:1, Guwançmyrat Gurbangulyýew 25’

2:1, Guwançmyrat Gurbangulyýew 32’

3:1, Ýunus Hürmenow 76’ (11 m.j.u.)

Birinji aýlawda — 2:1.

Indiki duralga — çempion: Bu ýeňişden soň, «Köpetdag» ýene üç utuk bilen altynjy orundaky «Altyn asyr» bilen arany bir utuga çenli ýygyrdy. «Köpetdagyň» ýekeje ýeňşi we çempionyň ýene-de ýekeje ýalňyşlygy ýagdaýlary üýtgedip biler.

Gurbangulyýew dubl bilen geldi: Duşuşykda geçirilen gollar Guwançmyrat Gurbangulyýewiň diňe şu möwsümdäki däl, Ýokary ligadaky ilkinji gollarydyr.

49 duşuşykda 50 gol: Şu güne çenli Ýokary ligada 49 duşuşyk geçiren «Köpetdag» garşydaş derwezelere 50 gol geçirdi.

«Turan» ýene boş galmady: Edil birinji aýlawda bolşy ýaly, ýene-de «Köpetdagyň» derwezesinden pökgi geçirdi.

Ýene-de başlangyç «Turandan»: Birinji aýlawda bolşy ýaly, bu duşuşykda hem ilkinji gol «Turandan» geldi. Emma dowamy...

«Ahal» — «Energetik» — 0:0.

Birinji aýlawda — 1:1.

30 utukly ilkinji topar: Tapgyrda gazanylan deňlik «Ahalyň» şu möwsümde 30 utuk gazanan ilkinji topar bolmagy üçin ýeterlik boldy.

Belki utuga garaşandyr: 14 tapgyrda 30 gol geçiren «Ahal» 15-nji tapgyrda utugyny hem 30-a dogurlady. Belki Röwşen Meredowyň şägirtleriniň gol geçirmezliginiň sebäbi...

Deňlikdäki deňlik: Şu möwsümde «Ahalyň» hem, «Energetigiň» hem üç duşuşygy deňlikde tamamlandy. Şol duşuşyklaryň ikisi toparlaryň öz aralarynda geçdi. Ýatladýarys, birinji aýlawdaky «Energetik» — «Ahal» duşuşygy hem 1:1 tamamlanypdy.

20-nji deňlik: Ýokary ligada üçünji möwsümini geçirýän «Energetik» deňlikde tamamlanan duşuşyklarynyň sanyny 20-ä deňledi.

«Merw» — «Balkan» — 0:4.

Gollar:

0:1, Azat Garajaýew 66’

0:2, Hemra Amanmämmedow 82’

0:3, Yhlas Magtymow 84’

0:4, Yhlas Magtymow 86’.

Birinji aýlawda — 1:4.

Amanmämmedow üç tapgyr bäri: Hemra Amanmämmedow «Balkanyň» soňky geçiren üç duşuşygynda hem tapawutlandy. Ýatladýarys, şu möwsümiň iň uzyn şahsy gol tapgyry 6 oýun.

Wise-çempion ornuna ýakynlaşýar: Bu ýeňiş «Balkany» ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna çykardy.

Bombardirlige ýene bir dalaşgär: Karýerasynyň iň bir netijeli möwsümleriniň birini geçirýän Yhlas Magtymow pökgüleriniň sanyny 8-e çykaryp, ikinji orunda Myrat Annaýew bilen Myrat Ýagşyýewe şärik boldy.

15 tapgyrda geçen möwsümiň iki essesi: Geçen möwsümiň dowamynda dört gezek tapawutlanan Yhlas Magtymow bu möwsüm çempionat entek ýarysyna ýetmänkä, 8 gol geçirdi. Dowamy bar...

Ýene dört gol: «Balkan» birinji aýlawda hem «Merwiň» derwezesine dört pökgi geçiripdi. Bir tapawudy, 6-njy tapgyrdaky şol duşuşykda «Merw» bir jogap pökgüsini geçirip bilipdi. Bu gezek welin...

«Aşgabat» — «Altyn asyr» — 2:1.

Gollar:

1:0, Pirmyrat Gazakow 12’

2:0, Azat Şamyradow 67’

2:1, Süleýman Muhadow 87’.

Birinji aýlawda — 1:2.

Çempion — altynjy orunda: Möwsümdäki ikinji ýeňlişden soň çempion «Altyn asyr» ýaryş tertibiniň altynjy ornuna düşdi.

Gazakow ýaşlygyny ýatladýar: Hüjümçem bolsa, geçen möwsüm hasabynda-da ýekeje golam bolmadyk Pirmyrat Gazakow bu ýyl «Aşgabadyň» geçiren 13 golunyň 5-siniň awtory. Ol bassyr iki duşuşyk bäri tapawutlanyp gelýär.

Bombardir orta gürpde: Bu ýyl gol geçirmekde Myrat Ýagşyýewiň kölegesinde galan geçen möwsümiň bombardiri Süleýman Muhadow möwsümdäki dördünji goluny geçirdi.

60-njy utulyş: Şu duşuşykda «Altyn asyr» Ýokary ligada 60-njy gezek ýeňildi.

Ýene şol hasap, ýöne...: ...ýagdaý başgaça. Mahlasy, iki topar hem biri-birini öz meýdanynda 2:1 hasabynda ýeňdi.

«Şagadam» — dynç güni

Dynç alyşyň rahatlygy bozulmady: Tapgyrda dynç alyp, duşuşyk geçirmedik bolsa-da, «Şagadam» ikinji orunda saklanyp galdy.

Dynç alyşyň rahatlygy bozulmady 2: Bombardirlikde arany ýakynlaşdyran hem bolsalar, ne Myrat Ýagşyýew, ne-de Myrat Annaýew möwsümiň iň netijeli futbolçysy Amir Gurbanynyň yzyndan ýetip bildi. Ýatladýarys, A.Gurbanynyň häzire çenli 10 goly bar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň