Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň rektory ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi ara alyp maslahatlaşdylar

22:2620.05.2017
0
7903

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň (Ýaponiýa) rektory jenap Nagata Kýosukeni kabul etdi — diýlip Türkmen Döwlet habarlar Agentliginde aýdylýar.

Duşuşygyň barşynda Döwlet Baştutany soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar möhüm ugurlaryň ählisi, şol sanda ylym we bilim ulgamynda okgunly ösdürilýär. Bu ulgamlaryň kämilleşdirilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň döwlet ösüşiniň esasy maksatlaryna laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň iri uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň şu saparynyň ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň işgärleri taýýarlamak, şol sanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon hünärmenleriniň okatmagynyň, dürli ulgamlaryň işgärleri üçin okuwlary hem-de tejribe alyşmagy guramagyň hasabyna taýýarlamak babatda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli amatly şertleri döredýändigi bellenildi. Mysal üçin, 2013-nji ýylda Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga däl, eýsem, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem ýardam etdi.

Geçen ýyl Aşgabatda açylan täze ýokary okuw mekdebiniň — Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň işini ilerletmekde ysnyşykly gatnaşyklar ylym-bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar.

Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýapon dilini öwrenmäge uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Ýapon dilini okatmak diňe dil bilen baglanyşykly ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, tehniki, ykdysady we beýleki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesinde ýola goýulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman nanotehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmak, şeýle hem ýapon lukmançylygynyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň abraýly ylym we bilim merkezleriniň — Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Aşgabatda döredilen, özüne ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesini birleşdirýän döwrebap Tehnologiýalar merkeziniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Aziýa we Ýuwaş ummany döwletleriniň Materiallar akademiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi ýokary tehnologiýalar ulgamynda giň hyzmatdaşlyk üçin möhüm ädim boldy diýip, jenap Nagata Kýosuke aýratyn nygtady. Munuň özi şu guramanyň nobatdaky mejlisinde bolup geçdi.

Ýurdumyzda ylym bilen baglanyşykly döwrebap önümçilikleriň giňelmegi hem-de iri ýapon işewürliginiň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy bilen baglylykda şeýle hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolýar. Durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mysal üçin, 2014-nji ýylda Maryda mineral dökünleri — ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Onuň taslamasyny işläp taýýarlamak, enjamlary getirmek hem-de tehniki maslahatlary bermek işini Ýaponiýanyň “Kawasaki Plant Systems Ltd” we “Sojitz Corporation” kompaniýalary amala aşyrdy. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” kompaniýasy karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyny alyp barýar. Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy gurulýar. Ahal welaýatynda “Kawasaki” ýapon kompaniýasy tarapyndan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýurdumyzda sportuň dzýudo ýaly meşhur görnüşini wagyz etmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň