Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy “Blattwerk Saxophonpuartett” sazandalar toparynyň konsertine çagyrýarlar.
Konsert 2017-nji ýylyň 20-nji maýynda sagat 18.00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilýär. Bu konsert Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanýar.