TÝL - 2017: 15-nji tapgyr duşuşyklary

11:5219.05.2017
0
420
TÝL - 2017: 15-nji tapgyr duşuşyklary

«Köpetdag» — «Turan»

Garşydaşlaryň bir meňzeşligi — geçen tapgyrda olaryň ikisiniň hem utulandygydyr. Ýaryş tertibinde bolsa iki toparyň arasynda diňe «Merw» bar. Liganyň umumy gidişinden çen tutsaň, «Köpetdagyň» ýeňşine garaşyp bolar. Eger şeýle bolsa «Köpetdaga» altynjy orundaky «Aşgabat» bilen utuk sanyny deňlemäge mümkinçilik dörär. Mälim bolşy ýaly, «Aşgabada» bu tapgyrda «Altyn asyr» bilen boljak kyn duşuşyk garaşýar.

 

20.05.2017 ý.

«Merw» — «Balkan»

Geçen tapgyrda öz meýdanynda «Ahaldan» uly hasap bilen ýeňlen «Balkan» bu gezek «Merwiň» myhmany. Bu duşuşyk hem «nebitçiler» üçin ýeňil bolmaz. Belki, ýaryş tertibiniň sekizinji basgançagyndadyr, ýöne «Merw» öz öýünde oňat oýun gurnap bilýän toparlaryň biri. Onsoňam, ýer eýelerine gorpdan çykmak üçin diňe ýeňiş gerek. Duşuşyk «Balkanyň» ýeňşi bilen tamamlansa, «nebitçiler» şu möwsümde 20 utuk toplap bilen dördünji topar bolar.

«Ahal» — «Energetik»

Möwsümiň haýran galdyrýan topary bolan «Ahala» ýene bir kyn synag garaşýar. Göreliň, «Altyn asyrdyr» «Balkany» boýun egdiren Röwşen Meredowyň şägirtleri geçen ýylky tälimçisi Aly Gurbanynyň güýçli toparyny ýeňmegiň hem hötdesinden gelerlermikä? Utulyş «Energetige» dördünji orna düşmek howpuny hem salýar. Eger duşuşyk «Ahalyň» peýdasyna tamamlansa, onda ol şu möwsümde 30 utuk gazanan ilkinji topar bolar.

 

21.05.2017 ý.

«Aşgabat» — «Altyn asyr»

AFK-nyň kubogynda gazanylan ajaýyp ýeňişden soň, «Altyn asyr» ýene-de liga dolanyp gelýär. Emma toparyň çempionatda soňky duşuşygyndan ýakymly ýatlama galmady. Oýnuň bütin dowamynda gurlan üstünlik utulyşdan halas bolmaga ýeterlik bolmady. Şeýdibem «Ahal» «Altyn asyra» bassyr dördünji çempionlygyň ýeňil düşmejekdigini görkezdi.

«Aşgabat», gürrüňsiz, güýçli garşydaş. «Altyn asyr» şu ýyl geçiren duşuşyklarynda «Aşgabady» kynlyk bilen ýeňdi. Ýeňiş üçin bu gezek hem ýiti göreş gitse gerek. Güýçlem bolsa, altynjy orundan ýokary çykmagyň ýoluny tapman kösenýän «Aşgabat» ýaryş tertibinde «Altyn asyryň» goňşusy. Göreliň, «Aşgabat» bäşinji orna geçermikä ýa «Altyn asyr» dördünji orundaky «Balkanyň» yzyndan ýetermikä? Myrat Ýagşyýewiň alty oýunlyk golly tapgyryny hem ýatdan çykarmaly däl. Belki ol ýene-de tapawutlanyp, Ýokary liganyň rekordyny gazanyp biler.

 

«Şagadam» — dynç güni.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň