Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda VIII halkara Gaz kongresi geçiriler

22:1318.05.2017
0
3148

23—24-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda VIII halkara Gaz kongresi geçiriler.Gaz kongresiniň gün tertibine türkmen tebigy gazynyň eksportunyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletara gaz geçirijileri gurmak, ýurdumyza maýa goýumlary çekmek üçin döredilen şertler we mümkinçilikler, daşky gurşawy goramak boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary, dünýä gaz bazarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri baradaky meseleler giriziler.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüljek VIII halkara Gaz kongresiniň ähmiýetini belläp, onuň bu strategik ulgamda özara peýdaly gepleşikleri hem-de tejribe alyşmagy giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk hem netijeli gatnaşyklaryň ýollaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigini nygtady. Forumyň barşynda serge hem ýaýlaňlandyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň