Soňky habarlar

Arhiw

Awazada dynç alýan Özbek okuwçylarynyň wagtlaryny göwnejaý geçirmegi üçin dürli bäsleşikler guraldy

06:0118.05.2017
0
4617

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde sport we döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Bu ýere, ozal habar berlişi ýaly, 15-nji maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça goňşy Özbegistanyň dürli sebitlerinden çagalar dynç almaga geldiler.

Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dynç alýan okuwçylaryň sport senenamasy ýeňil atletika bilen açyldy. Çagalar sagaldyş merkeziniň otrýadlary boýunça düzülen türkmen we özbek ýetginjekler toparlary iki ýüz metrden ybarat bolan dört tapgyrly estafetada ýaryşdylar. Ýetginjekleriň ýaryşynda Özbegistandan gelen myhmanlar ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykdylar. Ylgaw ýodalarynda gyzlaryň arasynda türkmen okuwçylary öňdeligi eýelediler. Olaryň doganlyk ýurtdan bolan deň-duşlary pellehana ikinji we üçünji bolup gelmegi başardylar.

Ýeňil atletika boýunça ýaryşlar uzynlygyna bökmek bilen dowam etdi. Bäsleşikleriň bu görnüşinde ýetginjekleriň arasynda özbek çagalary üstünlik gazanyp, birinji we ikinji orunlary eýelediler. Türkmen okuwçylary üçünji orna mynasyp boldular. Bu ýaryşda türkmen gyzlary ýene-de şowly çykyş etdiler, olaryň özbek joralary bolsa üçünji orny eýelediler.

Ýaş janköýerler ähli ýeňişlere we üstünliklere el çarpyp, türgenleriň şatlygyny paýlaşdylar.

Agşam “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde “Kämillige tarap  ýol” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Sahnada ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan zehinli çagalar, şeýle hem olaryň doganlyk Özbegistandan — Garagalpagystandan, Horezm, Buhara we Nowaýy oblastlaryndan bolan täze dostlary täsirli çykyşlaryny görkezdiler. Ýaş zehinleriň çykyşlary balkan toparynyň ýerine ýetirmeginde küştdepdi tansy bilen tamamlandy.

Çagalara öňde gyzykly çäreleriň ençemesi we ýatdan çykmajak täsirler garaşýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň