Soňky habarlar

Arhiw

«Demir oýnuň» ussady

02:5616.05.2017
0
2791

Olimpiýa şäherjiginde agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynyň ahyrky gününde 105 kg agram derejesinden ýokary agramda çykyş eden Hojamuhammet Toýçyýew ştangany silterläp götermekde altyn medal, itekläp götermekde bürünç medal, umumy netijede ýene-de bürünç medal eýeledi. Türkmen agyr atletikaçylarynyň 1994-nji ýyldan bäri yklym derejeli ýaryşlarda altyn medallary almandyklaryny bellemek gerek. Şonda Hirosimada geçirilen Aziýa oýunlarynyň barşynda meşhur türgen, dünýäniň üç gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýew altyn medala mynasyp bolupdy. Indi bolsa 20 ýyldan gowrak wagtdan soň halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew uzaga çeken arakesmäniň arasyny üzüp, şeýle uly üstünlik gazanmagy başardy.

Ýaryş tamamlanansoň, biz her bir ýaryşda diňe üstünlige garaşylýan agyr atletikaçymyz bilen söhbetdeş bolduk.

— Hojamuhammet, ine, Aziya çempionaty-da tamamlandy. Bu synag ýaryşy bilen baglanyşykly öz pikirleriňi paýlaşaýsaň.

— Sag boluň, çempionatda ýakyndan goldan we çykyşymy şowhuna beslän janköýerlere hoşallygymyň çägi ýok. Ýaryşyň ene topragymyzda geçendigi, elbetde, biziň her birimiziň özümize bolan ynamymyzy, yeňşe bolan hyjuwymyzy artdyrdy.

Şeýle ýaryşlary geçirmek bilen, Türkmenistanyň yklymyň iri sport merkezine öwrülýändigini uly buýsanç bilen belläsim gelýär. Türgenler üçin bolsa ol bahasyna ýetip bolmajak tejribe mekdebidir.

— Tüweleme, çykyşyň şowly boldy, janköýerler berekellaňy ýetirdiler. 

— Demir bilen türgeniň arasyndaky «göreşde» diňe bir ussatlygyň ýeterlik däldigini nygtasym gelýär. Mysal üçin, birneme şowlamagy, işiň ugruna bolmagy gerek. Ýaryşa Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň beren ýardam-goldawy netijesinde ýokary derejede taýýarlyk gördük. Şu ýerde tälimçilerim Ikram Matkarimow bilen Bäşim Agabaýewe hem köp sagbolsun aýdasym gelýär. Meniň üstünligimde olaryň uly goşandy bar. Görensiňiz, silterläp götermekde şahsy rekordymy 7 kg agrama çenli artdyrmak başartdy. Şu usulda 200 kg agram derejesini-de galdyrmaga güýjümiň ýetjekdigine ynamym bar.

— Itekläp götermekde-de çykyşyňy şowly başladyň. Soňky iki synanyşygyň barada näme aýdyp bilersiň?

— Hawa, itekläp götermekde garaşan netijämi görkezmek başartmady. Birinji synanyşygymda 230 kg agramy iteklänimde, dogrusy, ştanganyň agramyny duýmadym diýen ýaly. Ikinji synanyşygymda 236 kg agramy ýerden ýeňillik bilen galdyranam bolsam, döşe çekip oturmam tiz bolup geçdi. Netijede tirsegimiň dyzyma degenligi sebäpli agram hasaba alynmady. Mundan soň altyn medal eýelemäge ýeke ýol bardy. Ol-da özbegistanly, taýpeýli esasy bäsdeşlerimden mümkin boldugyça agramy artdyrmalydy we ony üstünlikli jemlemelidi. Netijede tälimçimiň görkezmesi esasynda 241 kg agram derejesine çykmaly boldum. Bu agram derejesinde özümi ilkinji gezek barlap görşüm däldi. 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen dünýä çempionatynda 238 kg agramy, şu ýylky türgenleşiklerimde bolsa 250 kg agramy galdyrypdym. Şeýle bolsa-da, bu ýaryşda 241 kg agramyň hötdesinden gelmek başartmady. Bu ýagdaý gynandyrsa-da, men ony düýpli şowsuzlyk hasap edemok. Esasy zat, Aşgabat Aziadasyna çenli has tijenip, netijämi ýokarlandyrmaga çalyşmaly.

— Ýakyn günlerde Bakuwda geçiriljek Yslam raýdaşlyk oýunlaryndan garaşýan netijäň?

— Yslam raýdaşlyk oýunlary hem ýylyň jogapkärli ýaryşlarynyň biri. Men bu ýaryşda öz şahsy rekordymy täzelemegi we Diýarymyza medally dolanmagy maksat edinýän. Galyberse-de, bu ýaryş hem Aziada — 2017-ä taýýarlygyň çäklerindäki möhüm tapgyr bolar. Ýeri gelende bellesek, 2013-nji ýylda Indoneziýada geçirilen Yslam raýdaşlyk oýunlarynda maňa medal eýelemek başardypdy. Men şonda itekläp 178 kg, silterläp 222 kg, umumy hasapda bolsa 400 kg agram netije görkezmegi başarypdym.

— Hojamuhammet, beren gürrüňleriň üçin köp sag bol. Biz saňa mundan beýläk hem diňe üstünlik arzuw edýäris.

— Sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, milli sportumyzyň hak howandary hormatly Prezidentimize bize — türgenlere ýokary netijeler ugrunda göreşmäge döredýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin çäksiz hoşallyk bildirýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň