Soňky habarlar

Archive news

Wladislaw ŞULIKOW: “Enemiň ýoluny yzarlap”

11:5928.04.2017
0
342
Wladislaw ŞULIKOW: “Enemiň ýoluny yzarlap”

“Turkmenportalyň” suwda ýüzmek boýunça Sebitleýin Halkara çempionatyndaky söhbetdeşi, altyn medalyň eýesi Wladislaw Şulikow:  (Gyrgyzystan)

― Meni sportuň suwda ýüzmek görnüşine 7 ýyl mundan ozal enem Lýudmila Şulikowa getirdi. Ol häzirem meniň ýeňiş gazanaryma garaşyp oturandyr. Bu gün agşam hökmany suratda eneme jaň edip, ony begendirerin. Tälimçim Aleksandr Zawarinskiniň ýolbaşçylygynda bu ýaryşa taýýarlyk görmegimiň netijesinde bu gün altyn medala mynasyp boldum. Bu meni çäksiz begendirýär. Üstesine bu ýurda ilkinji gezek gelip görmek bagty uly zat. Türkmenistan ösen döwletleriň biri bolmak bilen bu ýerdäki bir-birinden owadan, kaşaň binalar haýran galdyrýar. Esasan hem Olimpiýa şäherjigindäki döwrebap sport toplumlary diýseň täsir etdi. Türkmen türgenleri bilen ilkinji gezek bäsleşip görýärin. Olar hem bu ýaryşa örän ýokary derejede taýýarlyk görüpdirler. Olaryň içinde ussat türgenler kän. Şolaryň biri hem Muhammet Ataýew. Ol ýüzüşe çykanda örän ezberlik görkezmegi başaryp, altyn medala eýe boldy. Türkmen türgenleri üçin islän mümkinçiligiň bar. Ýene birnäçe aýdan Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Nesip bolsa, şol ýaryşa hem gatnaşarys.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň