«Altyn asyr» AFK kubogynda ikinji ýeňşini gazandy

0
702

Düýn Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ýurdumyzyň häzirki çempiony — Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň «D» toparçasynyň  üçünji tapgyrynda «Dordoý» topary bilen duşuşdy. Dolen Ömruzakow adyndaky stadionda geçirilen duşuşyk 0:2 hasabynda türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, «Altyn asyr» toparçada Gyrgyz Respublikasynda geçiren duşuşyklarynyň ikisinde hem ýeňiş gazandy. Ýatlap geçsek, üçünji duşuşyga çenli, «Altyn asyrda» we Täjigistanyň «Istiklol» toparynda 4, «Dordoýda» 3 utuk bardy. Gyrgyzystanyň häzirki çempiony «Alaý» bolsa entek ýekeje utuk hem gazananok. Şonuň üçin hem «Dordoý» we «Altyn asyr» toparlarynyň baş tälimçileri oýundan öň geçirilen metbugat maslahatynda bu duşuşygyň toparçanyň ykbalyna uly täsirini ýetirjekdigini aýratyn nygtadylar. Olar hatda amatsyz howa ýagdaýyny hem: «Tebigatda ýaramaz howa ýok» diýip, oňatlyga ýordular.

Duşuşyga ýer eýeleri Kaşuba, Şeratow, Wlasiçýew, Şamşiýew, Žyrgalbek uulu Kaýrat, Ajiniýazow, Sydykow, Taalaýbek uulu Baktaý, Azizow, Otkeýew we Potapowdan ybarat düzüm bilen çykan bolsa, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew dartgynlygy geçjekdigi ozalyndan hem belli duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap, Orazmuhammedowy, Babajanowy, Söýünowy, Amanowy, Orazalyýewi, Ýagşyýewi, Annaorazowy, Jumazarowy, Batyrowy, Geldiýewi, Annadurdyýewi meýdana goýberdi. Eýranly Emin Hasan Akraminiň jürlewüginiň sesiniň batly ýaňlanmagy bilen duşuşyk başlady.

Birinji ýarym: 11 metrlik jerime...

Duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap, «Altyn asyryň» oýna häkimlik edendigini gyrgyz metbugaty hem ýazýar. Eýýäm üçünji minutda Arslanmyrat Amanowyň ulanan jerime urgusyny «Dordoýyň» derwezewany Waleriý Kuşuba kynlyk bilen gaýtardy.

Şondan 5 minut soňra, Kuşuba Şöhrat Söýünowyň güýçli urgusyny hem gaýtardy. Mahlasy, ilkinji 15 minutda türkmen futbolçylary garşydaşyň ýarym meýdanynda howply pursatlaryň birnäçesini döretdiler, muňa garamazdan, öňe saýlanmak toparyň hiç birine-de başartmady.

16-njy minutda Arslanmyrat Amanowyň meýdanyň burçundan oýna girizen pökgüsini «Dordýyň» goragçylary we derwezewany kynlyk bilen serpikdiren hem bolsa, Taalaýbek uulu Baktaý jerime meýdançasynyň içinde Zafar Babajanowy ýykdy. Munuň üçin bolsa eýranly emin ýer eýeleriniň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi.

Jerime urgusyny «aragatnaşykçylaryň» iň işjeň futbolçysy Arslanmyrat Amanow ýerine ýetirdi. Kuşuba pökgini tutmak üçin çep tarapa ýykyldy, pökgi bolsa, tersine, derwezäniň sag burçuna depildi. Hemme zat gülala güllük bolanda, türkmen futbolçylarynyň peýdasyna hasap açylyp bilerdi, ýöne A.Amanowyň bu urgusy diňe gazanyljak ýeňşiň buşlukçysy boldy — pökgi derwezäniň sütünine degip, yza serpikdi. Ýer eýeleriniň janköýerleriniň uludan dem alyp, rahatlanandygynam ýatdan çykarmaly däl.

Ilkinji 20 minudyň dowamynda goýberilen säwlikler ýer eýelerini tijedi, şeýlelikde, olaryň ýiti hüjümleri başlady. Sydykowyň türkmen futbolçylarynyň derwezesine gönükdiren pökgüsi derwezäniň üstünden geçdi.

32-nji minutda Žyrgalbek uulu Kaýrat bilen Alyşer Azizowyň bilelikde gurnan hüjümi hem netije bermedi, «Dordoýyň» futbolçylarynyň biri-biri bilen düşünişmezliginiň netijesinde, biziň derwezämizde dörän howp sowuldy.

37-nji minutda «Dordoýyň» futbolçylary «Altyn asyryň» derwezesiniň ýakynynda jerime urgusyny geçirmäge hukuk gazandylar. Urgyny ýerine ýetirmek üçin Wlasiçýew, Otkeýew we Ajiniýazow pökginiň ýanyna geldi. Edilen kiçijik emelden soňra, jerime ugrusyny Wlasiçýew ýerine ýetirdi — pökgi türkmen futbolçylarynyň döreden gorag diwaryna degip, yza serpikdi.

Ine-de, hasap açylýar

Ine-de, D.Ömruzakow adyndaky stadiona ýygnanan janköýerleriň hasap açylan pursadyna şaýat boljak minutlaryna hem golaýladyk. Ýöne geçirilen gol ýer eýeleriniň janköýerlerini begendirmedi. 43-nji minutda Altymyrat Annaudrdyýew meýdanyň sag tarapy bilen jerime meýdançasyna ýakyn getiren pögüsini merkeze oklady, bu ýerde ony goragçy Serdar Annaorazow kabul edip, owadan emel bilen Myrat Ýagşyýewe geçirdi. M.Ýagşyýew bolsa derwezewanyň sag tarapyndan pökgini derwezä gönükdirdi we hasap 0:1 — türkmen futbolçylary öňe saýlandy. Şu hasap bilen hem toparlar arakesmä çykdylar.

Ikinji ýarym: Annadurdyýew toparçadaky üçünji goluny geçirdi

Ikinji ýarymda oýnuň gidişi has üýtgedi: indi pökgi, esasan, meýdanyň merkezinde hereket etdi. Hüjümler bolsa iki tarapa-da deň guraldy. 53-nji minutda Žyrgalbek uulu Kaýrat «Altyn asyryň» jerime meýdançasyna ýakyn getiren pökgüsini oýna ikinji ýarymda Taalaýbek uulu Baktaýyň ornuna goşulan afrikaly Zarif Süleýman derwezä dürs gönükdirip bilmedi. Pökgini «Altyn asyryň» goragçylary aňsatlyk bilen eýelediler. 68-nji minutda Wlasiçýewiň urgusy derwezäniň üstünden geçdi. 77-nji minutda Otkeýewiň ulanan jerime urgusyndan bat alan pökgi Bişkek asmanynyň belentliklerinde gaýdy.

«Dordoýyň» baş tälimçisi ýagdaýdan netije gözläp, meýdana ýene bir hüjümçini — Mirbek Ahmataliýewi hem goýberdi. Oýunçy çalşygy netije bermedi diýip bolmaz, ýer eýeleriniň «Altyn asyryň» derwezesiniň ýakynynda döreden howply pursatlary köpeldi. Ýöne duşuşygyň umumy hasabyny görkezýän ägirt ekrandaky ýazgy üýtgemedi.

Ýok, üýtgedi! 43-nji minutdan bäri «0:1» görnüşinde duran ýazgy 84-nji minutda «0:2»-ä öwrüldi. Türkmen futbolçylary ýer eýeleriniň derwezesine ýene bir pökgini geçirdiler. «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annaudrdyýew jerime meýdançasynda ýerli toparyň goragçysy Marat Ajiniýazowyň döreden päsgelçiliginden aňsatlyk bilen geçip, pökgini derwezä urdy — 0:2. Duşuşyk hut şu hasap bilen hem tamamlandy.

Bu ýeňişden soň, türkmen futbolçylary toparçadaky utuklarynyň sanyny 7-ä çykardylar. Toparçadaky beýleki bir duşuşykda Täjigistanyň «Istikloly» Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň «Alaý» toparyny kabul edip, 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, türkmen we täjik futbolçylarynyň toparçadaky öňdebaryjylygy dowam edýär.

Duşuşygyň protokolyndan göçürme:

AFK-nyň kubogy — 2017. «D» toparçasy, 3-nji tapgyr.

«Dordoý» (Bişkek) — «Altyn asyr» — 0:2 (0:1).

Gollar:

0:1, Myrat Ýagşyýew 43’

0:2, Altymyrat Annadurdyýew 84’.

Duýduryş berlen futbolçylar: Şamşiýew 64’ — Geldiýew 45+1’, Amanow 76’.

Dürs ýerine ýetirilmedik 11 metrlik jerime urgusy: Arslanmyrat Amanow («Altyn asyr») 18’ — derwezäniň sütünine degdi.

«Dordoýyň» düzümi: Kaşuba, Şeratow, Wlasiçýew (Sidorenko, 72), Şamşiýew, Žyrgalbek uulu Kaýrat, Ajiniýazow, Sydykow, Taalaýbek uulu Baktaý (Zarif Süleýman, 45), Azizow, Otkeýew (Ahmataliýew, 82), Potapow.

«Altyn asyryň» düzümi: Orazmuhammedow, Babajanow, Söýünow, Amanow, Orazalyýew, Ýagşyýew, Annaorazow, Jumazarow, Batyrow, Geldiýew (Hojaýew, 80), Annadurdyýew (Aşyrow, 90+2).

Duşuşygyň emini: Hasan Akrami (Eýran).

18-nji aprel. Bişkek ş. Dolen Ömruzakow stadiony.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň