«Dordoý» — «Altyn asyr» duşuşygyndan öň metbugat maslahaty geçirildi

18:4217.04.2017
0
7734

Şu gün Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň «D» toparçasynyň «Dordoý» — «Altyn asyr» duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty boldy.

Mälim bolşy ýaly, duşuşyk 18-nji aprelde Bişkek şäherindäki Dolen Ömruzakow adyndaky stadionda, ýerli wagt bilen 19:00-da (Aşgabat wagty bilen 18:00) başlanar. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» topary yzda galan iki duşuşykdan soňra, 4 utuk toplap, Täjigistanyň «Istikloly» bilen birlikde toparçanyň öňüni çekýär. Iki oýundan 3 utuk toplan «Dordoý» bolsa üçünji orunda.  Toparçany entek utuk gazanmadyk «Alaý» futbol topary (Gyrgyzystan, Oş şäheri) jemleýär.

«Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň žurnalistleriň sowallaryna beren jogaplary:

— Adaty tertip boýunça taýýarlanýarys. Oýnuň datgynly geçjekdigi düşnükli. Howa şertleri bolsa ýeňiş ugrundaky göreşi has-da kynlaşdyrar.

— Size duşuşygyň geçiriljek meýdany tanyşmy?

— Toparymyzdan Türkmenistanyň Milli ýygyndysyna kabul edilen futbolçylaryň birnäçesi bu meýdanda ozal futbol oýnap gördüler. Häzir bolsa meýdanyň futbol oýnamak üçin birkemsizdigini aýdyp bolmaz. Ýöne  ýaýdanara hiç zat ýok, iki tarap üçin hem hem deň şertler bar. Esasy zat: meýdana çykmak we oýnamak.

— «Dordoý» topary barada näme aýdyp bilersiňiz?

— Öz oýun häsiýeti, öz aýratynlygy bolan topar. Ilkinji minutdan tä oýun tamamlanýança göreşip bilýär. Ertir iki topar üçin hem ýeňil duşuşyk bolmaz. Içinde belli bir oýunçyny aýratyn saýlap görkezmek kyn. Şonuň üçin bu topar juda güýçli. Öňünden haýsy toparyň güýçlüdigi barada bir zat aýdyp bolmaz.

— Ýaryşyň saýlama tapgyrynda «Dordoý» siziň çempionatyňyzda çykyş edýän «Balkany» ýeňdi. Toparyň güýji, oýun usuly barada olar bilen maslahatlaşdyňyzmy ýa bir gürrüňdeşlik geçirdiňizmi?

— Ýok, beýle zat bolmady. Biz diňe duşuşyga tomaşa etdik. Düzümini 80 göterim täzelänsoň, «Balkana» oýunda sazlaşykly hereket etmek kyn boldy. Biz muny oýunda-da gördük.

— Soňky duşuşyklarda Altymyrat Annadurdyýew toparyň utuk gazanmagyna uly goşant goşdy. Siz bu duşuşykda hem, esasan, şol futbolça bil baglaýarsyňyzmy?

— Ýok. Biz aýratyn hiç kime bil baglamaýarys. Altymyrat iki duşuşykda hem tapawutlanan bolsa-da, biz tutuş topara bil baglaýarys. Çünki onuň geçiren pökgüleriniň arkasynda ähli topardaşlarynyň zähmeti ýatyr.

Serdar Annaorazow, «Altyn asyr» toparynyň goragçysy:

— Toparyň ýagdaýy gowy. Döredilen şertler hem oňat. Umuman, biz — taýýar.

— Howa ýagdaýy ynjalykdan gaçyranokmy?

— Ýok, bu — futbolyň howasy.

— Siziň baş tälimçiňiz garşydaş toparda güýçleriň deňeçerdigini aýtdy. Siz bu barada nähili pikirde?

— Meniň pikirimçe-de, «Dordoýda» ähli futbolçy deňeçer güýçde. Men tälimçim bilen ylalaşýaryn.

Murat Jumakeýew, «Dordoý» toparynyň baş tälimçisi:

— Siziň ähliňizi metbugat maslahatynda hoş gördük. Howa ýagdaýlary bizi begendirmedi, ýöne, aýdylyşy ýaly, tebigatda erbet howa ýok. Duşuşyk barada aýtsak, biz oňa bar ünsümizi jemläp taýýarlandyk. Eýýäm, üçünji tapgyr, diýmek, her oýnuň aýgytlaýjy oýun bolmagyna wagt ýetdi. Her oýun — aýgytlaýjy: toparçada üç topar deňeçer utukda. Şu duşuşygyň toparçadaky orunlara täsir etjekdigi öz-özünden görnüp duran hakykat. Muňa her kim gowy düşünýär.

— Garşydaşlaryňyz «Dordoýda» hiç bir oýunçyny aýratyn tapawutlandyrmadylar. Siziň pikiriňiz nähili?

— Futbol — sportuň toparlaýyn görnüşi. Her kim öz wezipesine düşünýär. Edil biz ýaly, «Altyn asyryň» hem toparlaýyn oýny bar. Bu bolsa hüjümde-de, goragda-da topar bolup hereket edilýändigini görkezýär.

— Düzümde üýtgeşiklik barmy?

— Gatnaşyp bilmeýän we şikesli futbolçylarymyz ýok. Düzüm bilen ertir tanşyp bilersiňiz. Biziň ýene bir türgenleşigimiz bar.

Anatoliý Wlasiçýew, «Dordoý» toparynyň ýarym goragçysy:

— Öz meýdanymyzda oýnamak aňsat: öý we janköýerleriň diwary kömek edýär. Biz stadionda janköýerleriň köp bolmagyny isleýäris. Olaryň duşuşyga gelip, AFK-daky ýolumy dowam etdirmekde goldawçy boljakdyklaryna ynanýarys. Bize goldaw zerur!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň