Soňky habarlar

Arhiw

«Energetik» deňlige razy, «Altyn asyr» ýene-de ýeňiji, «Balkandan» gol ýagmyry, «Turan» ilkinji pökgüsini geçirdi — 6-njy tapgyr

15:1510.04.2017
0
1159

8-nji aprelde Türkmenistanyň futbol boýunça XXV Milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 6-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Şagadamyň» dynç alan tapgyrynda duşuşyklaryň ikisi ýer eýeleriniň, biri myhmanlaryň ýeňşi, biri bolsa deňlik bilen tamamlandy.

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda häzirki çempion «Altyn asyr» «Aşgabady» kabul etdi. Şu wagta çenli möwsümde bary-ýogy ýekeje duşuşyk geçiren «aragatnaşykçylar» bu duşuşykda-da ýeňiş gazanyp, ýaryş tertibiniň 5-nji basgançagyna çenli çykdy. Duşuşygyň birinji ýarymynda «Aşgabat» Gahrymanberdi Çoňkaýewiň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, Myrat Ýagşyýewiň birinji ýarymdaky, Arslanmyrat Amanowyň ikinji ýarymdaky gollary bilen ýeňiş «Altyn asyryň» tarapynda boldy.

Mary şäherinde «Energetik» «Ahaly» kabul etdi. Möwsümiň başynda düzümini güýçlendirip, çempionlyga dalaşgär toparlaryň biri hökmünde görkezilen hem bolsa, «Energetik» bu duşuşykda ilkinji pökgini öz derwezesinde gördi. Şondan soň hasaby deňläp bilse razy bolan ýer eýeleri duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 15 minut galanda bu kyn wezipäniň hötdesinden geldiler. 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda «Ahaldan» Gurbanguly Aşyrow, «Energetikden» Begli Meredow tapawutlandy.

Daşoguzda ýerli «Turan» «Köpetdagy» kabul etdi. Ýaryş tertibiniň soňky orunlaryndaky toparlaryň duşuşygynda «Turanyň» şu möwsümdäki ilkinji pökgüsini geçirendigi aýratyn bellenilmeli. Didar Haýydow ýer eýeleriniň adyndan şu duşuşykda tapawutlanan futbolçydyr. Ýöne «Turan» Döwlet Döwletmyradowyň hem-de Berdi Hotdyýewiň geçiren pökgülerine çäre tapyp bilmedi. Şeýelikde, ýer eýeleri bu duşuşykda hem ýeňildiler.
Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda derwezelere 5 pökgi girdi. Şolaryň dördüsi ýer eýelerine degişlidir. «Balkan» — «Merw» duşuşygynda ýer eýelerinden Yhlas Magtymow (2), Aşyrgeldi Ylýasow (11 m.j.u) we Akmämmet Metdäýew, myhmanlardan bolsa Elhan Mämmedow tapawutlandy.

Türkmenistanyň futbol çempionaty — 2017.

Ýokary liga, 6-njy tapgyr.

8-nji aprel.

«Altyn asyr» — «Aşgabat» — 2:1.
Gollar:

0:1, Gahrymanberdi Çoňkaýew;
1:1, Myrat Ýagşyýew;
2:1, Arslanmyrat Amanow.

«Energetik» — «Ahal» — 1:1.
Gollar:

0:1, Gurbanguly Aşyrow;
1:1, Begli Meredow.

«Turan» — «Köpetdag» — 1:2.
Gollar:

1:0, Didar Haýydow;
1:1, Döwlet Döwletmyradow;
1:2, Berdi Hotdyýew.

«Balkan» — «Merw» — 4:1.
Gollar:

1:0, Yhlas Magtymow;
2:0, Aşyrgeldi Ylýasow (11 m.j.u.);
2:1, Elhan Mämmedow; 
3:1, Yhlas Magtymow;
4:1, Akmämmet Metdäýew.

«Şagadam» — dynç güni.

Ýaryş tertibi:

1. «Şagadam» 5/12
2. «Ahal» 5/10
3. «Energetik» 4/8
4. «Balkan» 5/7
5. «Altyn asyr» 2/6
6. «Merw» 5/6
7. «Aşgabat» 5/6
8. «Köpetdag» 5/6
9. «Turan» 6/0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň