TÝL — 2017: 6-njy tapgyra gysgaça syn

16:0307.04.2017
0
1727

«Altyn asyr» — «Aşgabat» (8.04.2017 ý. 16:00, «Aşgabat» stadiony)

Ýokary ligada bary-ýogy ýekeje duşuşyk geçiren «Altyn asyr» 6-njy tapgyrda ýene-de Milli çempionatymyza gaýdyp gelýär. Şu möwsümdäki ýeke-täk duşuşygynda ýeňiş gazanan «aragatnaşykçylar», häzirlikçe, 3 utuk bilen ýaryş tertibiniň 7-nji basgançagynda. «Altyn asyrdan» Naýbaşy kubokda hem ahmyrly galan «Aşgabat» bolsa 4 oýundan toplan bilen 6 utugy bilen 5-nji orunda. Diýmek, bir ýeňiş ýagdaýy üýtgedip biler. Elbetde, duşuşygyň üstün tarapy soňky 3 ýylyň çempiony — «Altyn asyr» diýip bileris. Ýöne «Aşgabady» ýeňmek «aragatnaşykçylara» soňky ýyllarda ýeňil düşenok.

«Energetik» — «Ahal» (8.04.2017 ý. 16:00, «Energetik» stadiony, Mary)

Geçen tapgyrda oýun tapawudy bilen «Energetikden» öňe geçen «Ahal» bu tapgyrdan soň öňdebaryjylygyny gorap bilermikä? Yzda galan 3 duşuşygynda entek ýeňlip görmedik «Energetigi» öz janköýerleriniň arasynda saklamak kyn. Eger, janköýerleriň hem garaşyşy ýaly, ýeňiş ýer eýeleriniň tarapynda bolsa, onda «Energetige» ýene-de ikinji orna çykmaga mümkinçilik bar. Duşuşygyň deňlik bilen tamamlanmagy hem ýer eýeleri üçin howply. Çünki dördünji, bäşinji orundaky toparlar «Energetikden» bary-ýogy bir utuk yzda.

«Turan» — «Köpetdag» (8.04.2017 ý. 16:00, «Garaşsyzlyk» stadiony, Daşoguz)

Entek garşydaş derwezelere ýekeje pökgi geçirip görmedik, yzda galan duşuşyklaryň ählisinde ýeňlen bolsa-da, geçen ýyllardaka garanyňda, gowy futbol oýnaýan (esasan hem, öz meýdanynda) «Turan» bu gezek nirde bolanda-da, garşydaşlaryna iş berýän «Köpetdagy» kabul edýär. Başgaça aýtsak, ýaryş tertibiniň soňky orunlardaky toparlar soňky bolmazlyk üçin göreşerler. Geçen tapgyrlardan çen tutsaň, «Köpetdag», bolmanda, bir pökgi tapawudy bilen üstün çykyp biler. Ýöne iki tarap üçin kyn we çekeleşikli duşuşygyň boljakdygy welin aýdyň.

«Balkan» — «Merw» (8.04.2017 ý. 17:00, «Sport toplumy» stadiony, Balkanabat)

4 oýundan 4 utuk toplap bilen «Balkan» bu ýyl garaşylanyndan pes netije görkezýär. Her niçik hem bolsa, topar öz meýdanynda ýeňşi aňsat-aňsat elden bermeýänlerden. «Merw» dördünji, «Balkan» altynjy orunda barýanam bolsa, duşuşygyň rüstem tarapy ýer eýeleri diýip bileris. Ýöne bir zady, «Merwiň» şu ýyl myhmançylykda ýeňläýende-de bir gol tapawutdan artyk ýeňilmeýändigini, tersine, garşydaşyny gowuja kösäp bilýändigini ýatdan çykarmaly däl. 

"Şagadam" - dynç güni

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň