Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatda utuklar paýlaşyldy

19:1504.04.2017
0
4228

Şu gün Balkanabat şäherindäki Sport toplumynda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň «D» toparçasynyň çäklerinde ýurdumyzyň häzirki çempiony — Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary Täjigistanyň «Istiklol» toparyny kabul etdi. Sagat 17-de başlan duşuşyga balkanabatlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň 8 ýarym müňden gowragy tomaşa etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu duşuşykda öň toparlaryň ikisiniň hem 3 utugy bardy. Şonuň üçin hem şu duşuşykda ýeňiş gazanan topar toparçanyň kerwenbaşysy bolmaga mümkinçilik aljakdy. Şeýle mümkinçilik duşuşygyň 30-njy minudynda «Istiklolda» döredi. Jahongir Aliýew türkmen futbolçylarynyň derwezesinden pökgini geçirmegi başardy.

Birinji ýarymy 0:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlanan duşuşgyň ikinji ýarymy başlanyp, 4 minut geçenden soň, Altymyrat Annadurdyýew hasaby deňlemegi başardy — 1:1. Şundan soň, öňe saýlanmak üçin toparlaryň ikisine-de mümkinçilik dörän hem bolsa, berk gorag we derwezeçileriň üstünligi hasabyň üýtgemegine ýol bermedi. Şeýlelikde, Balkanabatda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Toparçadaky beýleki bir duşuşykda Gyrgyzystanyň iki topary duşuşdy. Onda «Dordoý» «Alaýy» Alişer Azizowyň 87-nji minutdaky goly bilen 1:0 hasabynda ýeňip, «Altyn asyrdyr» «Istiklol» bilen arany 1 utuga çenli ýygyrdy.

AFK-nyň kubogy — 2017

«D» toparça

2-nji duşuşyklar

«Altyn asyr» — «Istiklol» — 1:1.

Gollar:

0:1, Jahongir Aliýew 30’

1:1, Almyrat Annadurdyýew 49’.

 

«Dordoý» — «Alaý» — 1:0

Gol:

Alyşer Azizow 87’.

 

Toparçada orunlar:

1. «Istiklol» 2/4

2. «Altyn asyr» 2/4

3. «Dordoý» 2/3

4. «Alaý» 2/0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň