«Şagadam» öňdebaryjylyga dalaşgär, «Köpetdag» bolsa paýtagt derbisinde «Aşgabady» ýeňdi

23:3411.03.2017
0
870
«Şagadam» öňdebaryjylyga dalaşgär, «Köpetdag» bolsa paýtagt derbisinde «Aşgabady» ýeňdi

 


11-nji martda Aşgabatda we Türkmenbaşyda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň ýene-de iki duşuşygy geçirildi.
Paýtagtda geçirilen duşuşykda «Köpetdag» «Aşgabady kabul etdi. Toparlaryň bu duşuşyga gelýän ýoldaky ýagdaýlary meňzeş däl, «Köpetdag» «Ahaldan» 0:1, «Merwden» 1:4 hasabyndaky utulyşlar bilen gelen bolsa, «Aşgabat» birinji tapgyrda «Merwe» garşy geçiren duşuşygynda 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazandy.
Birinji ýarymda toparlaryň hiç biri hem hasaby açyp bilmedi. Ikinji ýarymda bolsa Ilýa Ssalowyň 71-nji minutdaky we Berdi Hotdyýewiň goşmaça wagtyň 2-nji minudyndaky gollary bilen «Köpetdag» «Aşgabady» 2:0 hasaby bilen ýeňdi.
Türkmenbaşy şäherindäki duşuşykda ýerli «Şagadam» «Merwi» kabul etdi. Birinji ýarymda ýer eýeleri Ruslan Kurbanowyň 11 metrlik jerime urgusy bilen öňe saýlanan hem bolsalar, myhmanlar 6 minut soňra Amangeldi Saparowyň dürs urgusy bilen jogap berdiler. Şeýlelikde, ol bombardirlik ýaryşynyň başyny çekýän topardaşlary Rustam Mätryzlamalaryaýew bilen Guwanç Ýagmyrowyň ýanyna goşuldy.
Arakesmeden soň, Ruslan Kurbanow ikinji gezek tapawutlanyp, «Şagadamyň» bassyr ikinji duşuşykdaky ýeňşini üpjün etdi — 2:1. Bu bolsa kenarlylara ýaryşyň öňdebaryjysy bilen utuk babatynda deňleşmäge mümkinçilik berdi. Ýöne «Şagadam» bilen geçirilen duşuşykdaky ýeňşe görä, «Energetik» entek birinji basgançakdaky ornuny saklap galýar.
Tapgyrdaky «Energetik» — «Altyn asyr» duşuşygy 17-nji iýunda oýnalar.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary 18-nji martda geçiriler. Şol gün «Şagadam» bilen «Aşgabat», «Turan» bilen «Merw», «Energetik» bilen «Balkan» duşuşar.
Hasaplamalary söýýänler üçin duşuşyklaryň protokol maglumatlaryny ýerleşdirýäris:
"Şagadam" – "Merw" – 2:1 (1:1)
11-nji mart. Türkmenbaşy. "Şagadam" stadiony. 500 tomaşaçy.
Gollar: Rustam Kurbanow 15 (11 metrlik j.u), 61 – Amangeldi Saparow 21.
Kart görkezilenler: Ilýa Tamurkin 8, Şaweli Seýitgulyýew 13, Elhan Mämmedow 40, Muhammet Öwezow 60 (ählisi  – "Merw").
Emin: Babanazar Haknazarow.
Duşuşygyň inspektory: Rubik Danelýan.
 
"Köpetdag" – "Aşgabat" – 2:0 (0:0)
11-nji mart. Aşgabad. "Aşgabat" stadiony. 300 tomaşaçy.
Gollar: Ilýa Salow 71, Berdy Hotdyýew 90+2.
Kartlar: Ýunus Hürmenow 38, Möwlamberdy Goşşanow 52, Welsähet Öwezow 62, Serdar Baýramow 66, Ýazgylyç Gurbanow 68 – Ilýas Akyýew 70, Nurýagdy Muhamedow 88.
Emin: Ruslan Ereşow.
Duşuşygyň inspektory: Hudaýnazar Rejepow.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň