2-nji tapgyr: kerweniň başynda «Energetik»

10:0508.03.2017
0
3672

7-nji martda Türkmenistanyň XXV Milli futbol çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. «Merwiň», «Şagadamyň», «Altyn asyryň» ilkinji ýeňşini gazanan tapgyrynda «Energetik» ýaryş tertibiniň başyna geçdi. Çempionata ýeňiş bilen başlan «Ahaldyr» «Balkan» bolsa bu  gezek utulyşdan halas bolup bilmedi.

Daşoguz şäherinde ýerli «Turan» «Energetigi» kabul etdi. Iki toparyň arasynda düzüm we tejribe babatda ep-esli tapawut bar bolsa-da, geçen ýylda bolşy ýaly, «Turany» ýeňmek «Energetige» kyn düşdi. Diňe duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 7 minut galanda Guwanç Abylowyň geçiren pökgüsi myhmanlara arzyly ýeňşi getirdi. Şondan 10 minut öň bolsa «Energetikden» Annageldi Weliýew 11 metrlik jerime urgusyny takyk ýerine ýetirip bilmedi.

Baýramaly şäherinde geçirilen duşuşyk «Merwiň» şu möwsümdäki ilkinji hem-de uly hasaply ýeňşi bilen tamamlandy. «Köpetdagy» kabul eden topar janköýerlerini 4:1 hasaplyk ýeňiş bilen begendirdi. Duşuşykda iki gezek tapawutlanan Guwanç Ýagmyrowyň üstaşyr geçiren ilkinji goluny bolsa, janköýerler ep-esli wagtlap ýatdan çykarmasa gerek.

Geçen tapgyrda «Energetikden» asgyn gelen «Şagadam» bu gezek hakyky güýjüni görkezdi. Soňky ýyllarda Ýokary liganyň iň güýçli toparlarynyň biri hasaplanylýan «Ahaly» kabul eden «kenarlylar» myhmanlaryny jogapsyz pökgüleriň 4-si bilen ýeňlişe sezewar etdiler.

Tapgyryň merkezi duşuşygynda geçen ýylky çempion «Altyn asyr» «Balkany» kabul etdi. Agramly bölegi deňeçer ýagdaýda geçen duşuşygyň 85-nji minudynda Myrat Ýagşyýewiň tapawutlanmagy, «aragatnaşykçylara» täze möwsüme ýeňiş bilen girişmäge mümkinçilik berdi.

2-nji tapgyrda paýtagtymyzyň adybir topary dynç aldy.

Tapgyrda derwezelere 11 pökgi girizildi. Duşuşyklaryň diňe biri myhmanlaryň, üçüsi ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

 

Türkmenistanyň Ýokary ligasy — 2017

2-nji tapgyryň duşuşyklary

 

«Turan» — «Energetik» — 0:1

Gol:

0:1, Guwanç Abylow 83’.

Bellik: 73-nji minutda «Energetikden» Annageldi Weliýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

 

«Merw» — «Köpetdag» — 4:1

Gollar:

1:0, Begenç Alamow 4’

1:1, Ýazgylyç Gurbanow 26’

2:1, Amangeldi Saparow 70’

3:1, Guwanç Ýagmyrow 90+4’

4:1, Guwanç Ýagmyrow 90+4’.

 

«Şagadam» — «Ahal» — 4:0

Gollar:

1:0, Aleksandr Boliýan 11’

2:0, Amir Gurbany 13’

3:0, Myrat Hamraýew 25’

4:0, Hydyr Ýakubow 90+3’.

 

«Altyn asyr» — «Balkan» — 1:0

Gol:

1:0, Myrat Ýagşyýew 85’.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň