«Ahal» ýoldaşlyk duşuşygynda «Yrtyşdan» asgyn geldi

10:1423.02.2017
0
796
«Ahal» ýoldaşlyk duşuşygynda «Yrtyşdan» asgyn geldi

Türkiýe Respublikasynda okuw-türgenleşigini geçýän «Ahal» futbol topary düýn Gazagystanyň wekili «Yrtyş» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 7:0 hasabynda gazak futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.

Dimitar Dimitrowyň şägirtleri duşuşygyň birinji ýarymynda «Ahalyň» derwezesine jogapsyz iki pökgi girizdiler. Ikinji ýarymda ýene-de 5 pökgi geçirilen duşuşykda Karlos Fonseka, Ja Jeje (2), Serž Bando, Madýar Ramazanow we gözden geçirilişdäki futbolçy Pawel Şabalin dagylar tapawutlandy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň