“Aýterek” atly bildirişler üçin täze mobil goşundysy işe girizildi
- Собственник
- Jahana Jahan
- Телефон
- 861442283
- Почта
- jahan-best@mail.ru
Квартира 1 ком.
Mobil goşundysynyň üsti bilen durmuşda we öý hojalygynda zerur bolan islendik zady: egin-eşikleri, mebel we elektronika degişli önümleri, gozgalmaýan emläge degişli obýektleri, awtoulaglary, gurluşyk harytlaryny, çagalar üçin önümleri, şol sanda oýunjaklary hem-de başga-da köpsanly harytlary onlaýn satyp ýa-da satyn alyp bolýar.
Mobil goşundysy 3-4 derejedäki gurluşda düzülip, onuň üsti bilen gerekli haryt görnüşlerini tiz tapyp, bahalaryny deňeşdirip gymmatly wagtyňy tygşytlap bolýar.
Söwdagärler we işewürler bu programma arkaly özleriniň dükanlarynyň, hyzmat nokatlarynyň biznes hasaplaryny döredip, özleriniň isleglerine görä, hödürlýän harytlary ýa-da hyzmatlary barada mahabat bannerlerini, habarlaşmak üçin maglumatlaryny we başga-da birnäçe peýdaly maglumatlary isleglerine görä, ýerleşdirip bilerler. Öz gezeginde, mobil goşundysyny ulanyjylar biznes hasaplara ýazylyp, olarda goýulýan bildirişler ýa-da täze harytlar, hyzmatlar, arzanladyşlar bilen gyzgyny bilen tanşyp bilerler.Programmanyň web-saýt görnüşi hem elýeterli bolup, oňa ayterek.com.tm salgy boýunça girip bilersiňiz.