News Archive

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI

0
12323

 1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat  Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary  giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:

  • orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;
  • harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
  • harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmekleri bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup, kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň, bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp, ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
  • borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar. Dalaşgärleriň ýaş derejesi 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar. Harby institutda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly.

2. Harby institutda okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça ýerli harby wekilleriň adyna 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň arzasynyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

  1. ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, oglunyň harby gullukçy bolmagyna we Türkmenistanyň islendik çäginde gulluk etmegine razylygy baradaky dilhaty (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);
  2. Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli bölüminden pasportyň resmileşdirilýändigi barada kepilnama);
  3. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenis tana gelmek üçin pasportynyň nusgasy;
  4. bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal, hünärmen saýlawynyň kartasy;
  5. harby şahadatnamanyň nusgasy;
  6. dogluş hakynda şahadatnamanyň, nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň, eger-de nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamanyň tassyklanan nusgasy;
  7. Harby institutda okamaga ýaramlylygyna kepil geçýän lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri-wenerologik, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorluk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);
  8. iň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnama;
  9. maşgala ýagdaýy barada kepilnama;
  10. ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň iş ýerinden kepilnama (eger ataenesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar işlemeýän bolsalar, olaryň işlemeýändikleri barada degişli etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna ýazylan dilhatlary);
  11. zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;
  12. bilim hakynda resminamanyň (şahadatnamanyň, diplomyň) tassyklanan nusgasy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdebini tamamlan dalaşgärleriň bilim hakyndaky resminamalarynyň asyl nusgasy);
  13. harby wekillikde ýa-da harby bölümde geçirilen ilkinji synaglaryň bahalandyryş sanawnamasyndan göçürme;
  14. harby wekilli giň ýa-da harby bölümiň synag toparynyň beýan ýazgysy;
  15. özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ulular) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;
  16. 1 sany 9х12 ölçegde, 4 sany 4х6 ölçegde, 10 sany 3х4 ölçegde harby wekillik hem-de harby bölüm tarapyndan tassyklanan fotosurat;
  17. eger dalaşgäriň ýakyn garyndaşlaryndan aradan çykany bolsa, onda ölüm hakynda şahadatnamanyň ýa-da ata-enesiniň ýada olaryň ornuny tutýan adamlaryň nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamanyň tassyklanan nusgasy.

3. Harby institutda okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär.

4. Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň synag toparynyň çözgüdine laýyklykda, okuwa kabul edilýär.

5. Giriş synagyny tabşyryp, Harby instituta okuwa kabul edilenler umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlary we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde üç wagtyna nahar berilýär hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde talyp haklary tölenýär.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic