Soňky habarlar

Arhiw

Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi: maksat ― alyjylaryň islegini kanagatlandyrmak

0
12338

Belki, siz bu fabrigiň öndürýän önümleri bilen ozaldan hem tanyşsyňyz. Bu fabrik paýtagtymyzda geçirilýän iri sergilere hem yzygiderli gatnaşýar. Aşgabat we Mary şäherlerinde iri söwda dükanlary, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda ululy-kiçili söwda bölümleri bolan bu fabrik, esasan, çagalaryň we erkek adamlaryň köýneklerini tikmek bilen meşgullanýar. Bu önümler ýurdumyzyň dükanlarynda geçginli dokma önümleriniň hataryndadyr.

«Biziň esasy maksadymyz ― alyjylaryň islegini kanagatlandyrmak». Önümleriň döwrebaplygy, ýokary hili, jana ýakymlylygy, rahatlygy ― bu ýerde bildirilýän esasy talaplaryň hataryndadyr.

27 ýyllyk taryh

Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi 1992-nji ýylda döredildi. 2019-njy ýylyň başyna  335 işgär zähmet çekýär, şolaryň hem 205-si gelin-gyzlardyr. Fabrigiň 3 sany tikin sehi, olarda bolsa 5 sany topar bar. Şeýle hem bu ýerde biçimçilik, tejribe sehleri, 2 sany ütükleýji we gaplaýjy bölümler işleýär.

Önümçiligiň görnüşlerini ýyldan-ýyla giňeldýän fabrikde häzirki wagtda erkek kişiler we çagalar üçin köýneklerden dürli-dürli biçüwlileri öndürilýär.

Çig mal bilen üpjünçilik

Ähli kuwwatlylygynyň 84 göterime golaýyny üznüksiz işledýän fabrige çig mallar Ruhabat, Türkmenbaşy dokma toplumlaryndan we Türkmenabadyň Ýüpek onümçilik birleşiginden getirilýär. Çig mallar dürli görnüşlerde gelýär. Bir görnüşli çig mal 100 göterim pagtadan dokalan bolsa, ikinji bir görnüş 100 göterim inçe süýümli pagtadan dokalandyr. Çig malyň üçünji görnüşiniň 80 göterimi nah ýüplükden, 20 göterimi sintetik eýeleýär. Bulardan başga-da, 67 göterimini pagta, 33 göterimini sintetik, 65 göterimini pagta, 35 göterimini sintetik we garyşyk düzümdäki çig mallar hem bar.

Ýokary hil üçin öňdebaryjy tehnologiýalar

Kärhananyň önümçilik sehlerinde Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary işleýär. Olar “Olşa” «Tekstima», «Juki», «Dýurkoff», «Konnegiesser» ýaly kysymly dokma enjamlarydyr. 2013-nji ýylda kärhanada bar bolan tikin enjamlaryň 45%-i Ýaponiýanyň „Juki“ kompaniýasynyň täze döwrebap ýöriteleşdirilen, ýokary hilli erkek adamlar we çagalar üçin köýnek tikmäge doly mümkinçiligi bolan tikin enjamlary bilen çalşyryldy we häzirki wagtda doly güýjünde işläp gelýär.

«Ýeňşiň» önümlerini nireden satyn alyp bolýar?

Alyjylar üçin iň ýakymly, iň esasy aýratynlyk näme, bilýärsiňizmi? Bahalaryň daşary ýurtlardan getirilýän köýneklere seredeniňde ep-esli arzanlygy we köýnek tikmek üçin ulanylan matalaryň düzüminde sintetik garyndylaryň ýoklygy ýa-da örän ujypsyz mukdarda bolandygy üçin olar adam üçin örän jana ýakymlylygydyr.

Siz arzan bahadan ýokary hilli, dünýä talaplaryna laýyk gelýän köýnek edinmek isleýärsiňizmi? Onda «Ýeňiş» tikin fabrigi siziň üçin iň dogry salgydyr.

Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň Aşgabat we Mary şäherlerindäki dükanlarynyň salgysy we telefon belgileri:

1. Aşgabat şäheri, Görogly köçe 770-nji jaý, Altyn Asyr harytşynaslyk merkezi, telefon: +99312 925191;

2. Mary şäheri boýunça:

-  1-nji dükan, Atamyrat Nyýazow şaýoly 1-nji jaýy, telefon: +993 522 46028;

- 2-nji dükan, Mollanepes köçesi, 66-njy jaýy, telefon: +993 65 175449;

-3-nji dükan, Arçabil köçesiniň 1a-jaýy, telefon: +993 62 508883

Bulardan başga hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ähli welaýatlardaky ýöriteleşdirilen dükanlaryndan hem “Ýeňiş” tikin fabriginiň köýneklerini satyn alyp bilersiňiş.

Ýeri gelende aýtsak, köýnekleri lomaý we bölekleýin görnüşde kärhananyň özünden şeýle-de fabrigiň internetde web saýtynyň  üsti bilen hem sargyt etmek mümkin.

“Ýeňşi” saýlaň: bu siziň öz islegňize görä lybas saýlamakda ÝEŇŞIŇIZ bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar