Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB müşderilerine «Menzilara bank hyzmatyny» hödürleýär

10:1115.06.2022
0
29567

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öz müşderilerine «Menzilara bank hyzmatyny» (Internet-banking) hödürleýär.

Bu hyzmat bankyň müşderilerine öz hasaplary barada maglumatlary alyp durmaga, dürli görnüşli tölegleri geçirmäge we bankyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Bankyň müşderileri «Menzilara bank hyzmatynyň» mümkinçiliklerinden peýdalanyp, öz hasaplaryny dolandyryp bilerler. Şol sanda öz aralarynda pul serişdelerini geçirip, hasabyny dolduryp bolýar.

Hyzmat dolandyryşyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin SMS habarnamasy arkaly bir gezeklik parol bilen üpjün edýär.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň bu hyzmaty müşderilerine edilýän hyzmatlary Internetiň kömegi bilen ep-esli kämilleşdirmäge we giňeltmäge ýardam berýär. Müşderi Türkmenistanyň islendik künjeginde Internete birikdirilen enjam arkaly öz hasabyny dolandyryp biler.

Hyzmaty birikdirmek üçin, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz!

Hyzmat birikdirilenden soň, bankyň resmi web saýtynda müşderiniň şahsy otagy döredilip, oňa girmek üçin parol bilen üpjün edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 38-02-55, 38-02-33, 38-01-37.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň