Top.Mail.Ru

Последние новости

Архив новостей

Обзор культурного-развлекательного центра «ГАЛА» в Гокдере

0
322367

Köp sanly okyjylarymyzyň haýyşy boýunça Gökderede ýerleşýän “Gala” medeni-dynç alyş merkezine syn etmegi makul bildik.

Bilşimiz ýaly, Gökdere — türkmen tebigatynyň iň ajaýyp künjekleriniň biri. Dag eteginiň ajaýyp tebigaty bu ýere gelenleriň göwnüni heýjana getirýär. Şonuň üçin hem Gökderäniň gelim-gidimi ýylyň dört paslynda hem barha we barha artýar.

2017-nji ýylyň 29-njy iýunynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen “Gala”  medeni-dynç alyş merkezi bu ajaýyp künjegiň gadyr-gymmatyny has-da artdyrdy.

Şeýle hem “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde myhman bolanlaryň teswirlerini diňlesek “sapaly dynç alyş türkmen tebigatynyň şypaly howasy bilen sazlaşýar” diýýärler.

Biz hem bu ajaýyp baha berilmäniň hakykatdygyna göz ýetirmek maksady bilen ir bilen Gökderä tarap öz awtoulagymyzda ýola düşdük.

Gökderäniň bagdyr-çeşme bilen uzanan ýolyndan gelýärkäň, ünsüň dessine ýoluň gyrasynda ýerlşen “Gala”  medeni-dynç alyş merkeziniň awtoduralgasyna çekýär.

Şahsy ulagy bilen gelýän myhmanlar üçin ýörite gurlan bu awtoduralga 100 ulaga niýetlenen.

Arassa howa, tas dag bilen boýdaş baglar, tebigatyň gözelligi bu ajaýyp künjege ilkinji ädimleriňi ädeniňden göwnüňi göterýär. Şol mahalam, täze dynç alyş-medeni merkeziniň hut şu künjekde gurulmagynyň düýp sebäbine göz ýetirýärsiň.  

Awtoulagymyzy duralga goýup daglaryň arasynda gurlan “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň binasyna haýran galmak bilen synlap, onuň bilen içgin tanyşmak üçin girelgä tarap ugur aldyk.

Merkeziň ýanaşyk ýerlerinde pyýadalar hem-de awtoulaglar üçin köpri, awtoduralga hem göz öňünde tutulypdyr.

Dag tarapda işläp duran traktor bu ýerde ýene-de bir täze gurluşygyň başynyň başlanandygyndan habar berýärdi. Biz bada-bat bu gurluşyk bilen gyzyklandyk. Asyl görsek, myhmany gün-günden köpelýän “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň müşderileri üçin 150 orunlyk ýene-de bir awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýän eken.

 

“Gala” medeni-dynç alyş merkezi: döwrebap hyzmatlar, milli öwüşginler

Gala medeni-dynç alyş merkezine hoş geldiňiz!” diýip, bizi girelgede bu merkeziň ýaş ýolbeletleriniň biri Hurma garşylady.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde myhmanlar üçin ýörite ýolbeletler berkidilen. Olar myhmanlary merkeze dolulygyna aýlap, onuň mümkinçilikleri, aýratynlyklary we dynç alyş ýerleri bilen tanyşdyrýarlar.

“Gala” medeni-dynç alyş merkezi gurlanda tebigatyň eçilenlerine hiç hili zyýan ýetirilmändir. Ýagny merkeziň ähli ýerler bag-bossana bürelen. Gaýtam merkeziň hünärmenleri tarapyndan täze agaç nahallary hem oturdylypdyr.

Merkezi aýlanyp ýörkäň, onuň döwrebap we milli bezegi ünsüňi özüne çekýär. Merkeziň umumy durky gadymy kerwensaraýlary ýatladýar. Emma onda döredilen döwrebap şertler göwnüňi göterýär. Hurmanyň aýtmagyna göra, bezeg işleriniň aglaba bölegini Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow ýerine ýetiripdir. 

“Gala” medeni-dynç alyş merkezinde 6 sany restoran, şeýle hem dört sany açyk asmanyň astyndaky restoranlar (şol sanda olaryň biri howzuň başynda) bar.

Restoranlaryň her biri aýratyn ugra gönükdirilen. Ýöne müşderi haýsy restoranda oturandygyna garamazdan, göwün söýen tagamyny islan restoranyndan sargyt edip bilýär. Mysal üçin howzuň restoranynda otyryp, daşynda ýerleşýän restorandan sargyt edip bolýar.

Biziň ünsümizi çeken hyzmatlaryň ýene biri hem her stola aýratyn bir hyzmatçynyň berkidilendigidir. Ol müşderiler stola geçip oturan badyna olaryň ýanyna gelýär-de, özüni tanyşdyrýar. Soňra sargytlary kabul edýär. Sargytlar örän çalt gelip, iň gowy dynç alyş üçin hyzmatçylar hem öz tekliplerini berip durýarlar.

“Gala” restoranlaryň ýokary derejede hyzmat bermegi bize dessine olar bilen giňişleýin tanş bolasymyz geldi. 

 

Lezzet bardyr näçe diýseň...

Ýokarda-da, aýdyşymyz ýaly, merkezde 6 sany restoran bar. Olar «Gaýa», «Balyk», «Gökdere», «Dagdan», «Jülge» hem-de «Depe» diýlip atlandyrylýar.

Birinji gatdaky «Gaýa» restorany 60 adama niýetlenendir. Bu ýerde, esasan, et önümleri we dürli içgiler bar. 

«Dagdan» restoranynda daşary ýurt tagamlary bişirilýär, ol hem 60 adama niýetlenendir.

«Balyk» restoranynda bolsa bir wagtyň özünde 20 adam naharlanyp we medeniýetli dynç alyp bilýär. 

Ikinji gatdaky «Gökdere» banketler zaly gadymy kerwensaraýlary ýadyňa salýar. Onuň açyk howa çykýan eýwany hem-de howza tarap çykýan gapysy hem bar. 100 adama niýetlenen zalda müşderilere milli we daşary ýurt tagamlary hödürlenilýär. Zalyň diwarlarynyň bezegi bu ýere gelenleri özüni orta asyrlarda ýaly duýmaga ýardam berýär.

Şu gatdaky banket zallarynyň ýene-de biri diýlip atlandyrylýar. 120 adama niýetlenen zal göwnüňi göteriji ýagty bezegleri bilen özüne çekýär. Zalda kiçiräk maşgala dabaralaryny geçirmek üçin hem şertler göz öňünde tutulypdyr.


 «Gökdere» banketler zaly ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlardyr dabaralara gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlary naharlanmaga çagyrmak üçin hem iň gowy ýerleriň biri. Bu ýerde ýurdumyzyň myhmanlary türkmen tagamlaryndan dadyp, ajaýyp türkmen tebigatynyň gözelliklerinden ganyp biler. Esasan hem, Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde bu banketler zalynyň myhmany ýetik bolsa gerek.  

Uly toýlary tutmak üçin bolsa «Depe» banketler zaly niýetlenipdir. Bu zal 800 adama niýetlenýär. Eger durmuş gurýan jübütler mundan beýläk bile geçjek ömrüniň ilkinji gününi nähili owadan göz öňüne getirýän bolsa, bu zal olara şol owadanlygy hem bagyşlap bilýär. Aýna üçekli zalyň üçegi dabaralary geçirijileriň, myhmanlaryň islegine görä, açylyp hem bilýär. Şeýlelikde, asmanyň parlak ýyldyzlary owadan toý agşamyna şaýat bolýar.

Göz öňüne getiriň...Toý gidip durka, toý mekanyň üçegi awtomatiki ýagdaýda açylýar... Dagyň ajaýyp tebigaty siziň toý şatlygyňyza şatlyk goşýar...

Bu restoranlardan başga-da, açyk howada hem üç sany dynç alyş toplumy bar. Olaryň ikisi 80, biri bolsa 60 adamlykdyr. Bu ýerden Gökderäniň ajaýyp tebigaty, Köpetdagyň beýik hem ýylçyr gaýalary göwnüňi göterýär. Käbir stollaryň başynda bolsa ýörite peç hem gurnalypdyr. Olar merkezde öz elleri bilen dürli tagamlary bişirmek isleýän müşderilere niýetlenendir.

Öz maşgalaňdyr-ýakyn dost ýarlaryň bilen bilelikde gelip, öz eliň bilen dürli tagamlary açyk howada bişirmek mümkinçiligi – biz bu barada aýratyn aýtman bilmedik. Dynç alşyň iň esasy lezzeti hem şunda ahyry! 

Ýolbeledimiz Hurma bilen “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň başga bir şowhunly ýerine — howzuň kenaryna tarap ugradyk.

 

Howuz — tomusky dynç alşyň bahasyz lezzeti

Ir sagat 8-den gije 23-e çenli işleýän merkezde 3 sany howuz bar. Uly adamlara niýetlenen howzuň çuňlugy 1 metr 70 santimetre ýetýär. Ol 350 adama niýetlenendir.

Çagalar üçin howuz bolsa 40 santimetr çuňlukda. Onda bir wagtyň özünde 150 çaga suwa düşüp bilýär.

Bu howuzlardan başga žakuzi hem bar. Tolkunlaryň ajaýyp oýunlarynyň arasynda wagtyňy şat geçirmäge mümkinçilik  berýän žakuzi hem hemişe adamdan doly.

Howuzlar akwapark bilen üpjün edilen. 15 metr beýiklikden howza tarap uzaýan açyk we ýapyk ýodalaryň her haýsynyň uzynlygy 100 metrden geçýär.

Howza dört sany ýörite bilimli hünärmen gözegçilik edýär. Olaryň biri akwapark ýodalarynyň başlanýan ýerinde, biri ýodanyň howza gelip direýän ýerinde dursa, ýene biri umumy gözegçidir. Dördünji gözegçi bolsa çagalar howzuna gözegçilik edýär.

Akwaparkyň ýodalaryndan typyp, howza düşmek isleýän çagalara we ululara ýörite gözükdirme berilýär. Hünärmenleriň maslahat berşi ýaly, ýodalar arkaly typýan adam ellerini atanaklaýyn görnüşde döşüne tutmaly.

Howza düşmegiň bahasy 9 ýaşa çenli körpelere mugt, 9-12 ýaş aralygyndaky çagalara 20, ululara bolsa 40 manat. Ýöne şu tölegde wagt çäklendirmesi ýokdur.

Suwdan haçan çykjagy bu ýere dynç alýanlaryň özüne bagly. Suwa düşýänlere ýörite bileklik berilýär. Bu bileklik olaryň ýörite tölegi amala aşyrandygynyň güwäsidir. 

Suwuň ýylylygy hemişelik 27-28 gradus derejede saklanýar. Howuzlaryň suwy iki hepdeden çalşyrylyp durulýar. Howuzlar suwdan çykyp güneşlemek üçin ýörite kürsüler bilen hem üpjün edilendir.

Howzuň başynda açyk howadaky restoran hem bar. Eger bu ýere dynç almaga gelýänler, diňe restoranda dynç alyp, suwa düşmejek bolsalar, goşmaça töleg soralmaýar. Olar diňe iýen-içen zatlary üçin töleg geçirmeli.

Ýeri gelende aýtsak “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde lukmançylyk bölümi hyzmat edýär. Ýokary bilimli, işine ussat lukmanlar bu ýerde ýüze çykyp biläýjek beden näsazlyklaryna ýa-da şikes ýetmelerine şol wagtyň özünde bejergi berýärler.

Bellemeli zatlaryň biri, merkezde dynç almak üçin tölegleriň nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýandygydyr. Bu bolsa merkezde dynç alýanlaryň hemişe nagt pul göterip ýörmek ýaly meselelerini aradan aýyrýar. Olar islendik töleg kartlary, şol sanda «Masterkart», «Visa card» ýaly halkara töleg kartlary arkaly hem töleg geçirip bilerler. Bu mümkinçilik esasan hem daşary ýurtly myhmanlar üçin amatlydyr.

Howza ýakyn ýerde çagalaryň oýun meýdançasy hem bar. Türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň şekili bilen bezelen meýdançadan peýdalanmak mugtdur. 

Meýdançada bir wagtyň özünde 80 çaga wagtyny hoş geçirip bilýär.

Howzuň we çagalaryň oýun meýdançasynyň üsti gamyş telär bilen basyrylandyr.

Çagalaryň şadyýan gülküsine beslenen howuz bilen tanşyp ýörkäk, “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň guramaçysy Nazar ýanymyza gelip salamlaşdy. Biz mümkinçilikden peýdalanyp, Nazardan “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde geljekde nähili täzelikler boljakdygy barada soradyk.

 

Geljekde nähili täzelikler bolar?!

 

“Gala” eýýämden ýurdumyzyň iň gowy dynç alyş merkezleriniň biri. Ýöne adminstrasiýa hyzmatlaryň hilini mundan beýläk hem gowulandyrmak üçin birnäçe meýilleri göz öňünde tutýar. Olaryň arasynda, ilkinji nobatda, diskont kart hyzmatynyň göz öňünde tutulýandygyny agzap bileris. Işjeň müşderilere ýörite diskont kartlar berler. Olar şol kartlar arkaly ýeňillikli söwda edip we her söwdadan soň, bonus utuklary ýygnap bilerler.

 Geljekde merkeziň howzunda ýörite suw bäsleşiklerini geçirmek, bäsleşigiň ýeňijilerini dürli baýraklardyr merkezde dynç almakdaky ýeňillikler bilen höweslendirmek hem göz öňünde tutulýar.

Awtoulga hyzmatyny ýola goýmak hem merkeziň esasy maksatlarynyň biri. Ýakyn geljekde Aşgabadyň 3-4 ýerinden kiçi awtobuslar “Gala” medeni-dynç alyş merkezine gatnawy amala aşyrar. Bu bolsa merkeze gaýyp dynç almak isleýänler üçin uly ýeňillik bolar diýip umyt edýäris.

“Gala” medeni-dynç alyş merkezinde geljekde dag syýahatçylygyny amala aşyrmak işleri hem meýilleşdirilýär. Mahlasy, “Gala” dynç alýanlarda ýatdan çykmajak täsiri bagyşlamagy maksat edinýär.

Nazaryň paýlaşan maglumatlary üçin hoşallyk bildirip, çykalga tarap ýöneldik.

Awtoduralga tarapda özboluşly bezelen, ýürek şekilli ýere gözümiz düşdi. Ynananyň, bu aýtjaklarymyz “Galanyň” esasy aýratynlyklarynyň biri. Şonuň üçinem ony synymyza goşman bilmedik. 

Tebigatyň goýnunda oturylýan ýörite ýerlerde nika dabaralary üçin ýörite ýer göz öňünde tutulypdyr.

Bu ýerde eýýäm bagtyýar döwrümiziň bagtly jübütleriniň ençemesiniň ömür nikasyndan geçendigini merkezde bolanmyzda gürrüň berdiler.

Nika baglaşylýan ýere barýan ýodajyklara çenli täsin görnüşde, romantizm äheňindäki bezegler özüne çekýär.

Her hepdäniň ahyrky üç gününde bolsa janly aýdym-saz hyzmaty yzygiderlikde dowam edip gelýär.

Mahlasy, bu ýerde bagtyýar durmuş gaýnap-joşýar. Mümkinçilikler oňaýly, hyzmatçylaryň ählisi güler ýüzli, myhmanlar çagalary bilen aýlanyp, suwa düşüp ýörler, restoranda naharlanýarlar, işewürler banket zallaryna geljekde topar bolup gelip, dürli myhmanlary kabul etmegiň mümkinçilikleri bilen tanşyp ýörler.

“Gala” medeni-dynç alyş merkezine gezelenç synymyzyň netijesini jemlemek bilen okyjylarymyz bilen şulary paýlaşmak isleýäris:

“Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň oňaýly taraplary:

  • Awtoduralga;
  • Gökderäniň jana şypaly howasy;
  • Islän restoranyňda oturyp, beýleki restoranyň tagamyňy sargyt edip bolýanlygy;
  • Ýolbelediň myhmanlary girişde garşy almagy;
  • Çagalar bilen gyzykly dynç alyş;
  • Tölegleriň islendik görnüşde kabul edilmegi;
  • Howuzdan 9 ýaşa çenli çagalaryň mugt peýdalanyp bilmegi.

Ynanyň, biz žurnalist nazary bilen, bu ýerde entek nämeleriň ýetmeýändigini hem gözledik. Ýöne hiç bir zat tapyp bilmedik. Muňa özüňiz hem geleniňizde şaýat bolarsyňyz. Bir söz bilen aýdanymyzda “Gala” diňe amatlyklaryň, oňaýlyklaryň merkezi.

Netije, bu ýer maşgalaňyz, ýakyn dost-ýarlaryňyz bilen wagtyňyzy hoş geçirmek üçin iň gowy mekanlaryň biridir.

Bu ýerde türkmen myhmansöýerliginiň aýdyň beýany bar!

Sizem gelip görüň, çünki bu ýerdäki mümkinçilikler we lezzetli dynç alyş biziň gürrüňlerimiziň we şu ýazgylar bilen birlikde synlan suratlaryňyzyň çäginden has aňry geçýär.

“Gala” — göwün galaňyza gözellik bagyşlaýar.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации