Aziada — 2017 Günorta Koreýada tanyşdyryldy

0
457
Aziada — 2017 Günorta Koreýada tanyşdyryldy

Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dünýä döwletlerinde mahabatlandyrmak işleri şu günler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan Sport metbugatynyň halkara assosasiýasy tarapyndan geçirilýän kongresleriň çäklerinde Aşgabat Aziadasyny mahabatlandyrmak baradaky meýilnama tassyklanyldy. Assosiasiýasynyň ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul we Piýoňçoň şäherlerinde geçirilen 80-nji kongresinde dünýä jemgyýetçiligi Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary bilen ýene bir ýola tanyşdyryldy. Kongrese 100 döwletden 200-den gowrak žurnalistler we sport wekilleri gatnaşdy.

Kongresiň çäklerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň hünärmenleri tarapyndan ýörite tanyşdyryş we mahabatlandyryş çäresi geçirildi. Olaryň çäklerinde Aşgabat Aziadasyna bagyşlanan sergi gurnaldy. Myhmanlar ýurdumyz barada gürrüň berýän žurnallar, milli sowgatlyk önümlerimiz bilen tanyşdylar. Şeýle hem olara Aşgabatda geçiriljek sport baýramçylygynyň çakylyklary paýlanyp berildi. Kongresiň işine gatnaşýan iri sport köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň, Koreýa Respublikasynyň sport boýunça edaralarynyň, sport oýunlarynyň federasiýalarynyň wekillerinde Aşgabat — 2017-ä bagyşlanan sergi uly gyzyklanma döretdi.

Kongresiň barşynda Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň 2016-njy ýylda geçirilen işler babatynda yklymlar boýunça hasabat çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de, 2017-nji ýylda edilmeli işlere seredilip, olaryň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan çäreleri guramaga ýokary ähmiýet berildi.

Türkmenistanyň wekilýeti tarapyndan geçirilen tanyşdyryş dabarasy hem täsirli boldy. Onda myhmanlara Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Ý Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak babatda alnyp barylýan işler we Olimpiýa şäherjiginiň mümkinçilikleri barada gürrüň berildi. Şeýle hem Aşgabat Aziadasy barada gürrüň berýän wideogörnüşler görkezildi.

Edil türgenlerde we tälimçilerde bolşy ýaly, sport žurnalistlerinde hem Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga isleg uly. Olar Merkezi Aziýada iň uly sport toplumynda geçiriljek taryhdaky iň gowy Aziadalaryň birine şaýat bolmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Aziada — 2017-niň geçiriljek günlerine çenli şeýle tanyşdyryş dabaralaryny beýleki ýurtlarda hem gurnamak meýilleşdirilýär.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь