Последние новости

Архив новостей

Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry: «D» toparça barada käbir gyzykly hasaplamalar

0
7928

— Arslanmyrat Amanow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde şu saýlama duşuşyklarynda iki gezek tapawutlanan ýeketäk futbolçydyr.

— Yzda galan 4 duşuşykdan soň, Eýranyň we Omanyň milli ýygyndylarynyň görkezijileri deň. Iki milli ýygyndy hem 2 ýeňiş gazandy, iki duşuşygy deňlikde tamamlandy.

— Guamly futbolçylar hem, hindi futbolçylary hem dört duşuşykda derwezelere 3 pökgi geçirdiler. Muňa garamazdan, Guamyň 7 utugy bar. Hindistanyň ýygyndysynyň bolsa entek ýekeje utuga hem ýüzi düşenok.

— Hindistanyň milli ýygyndysy geçiren dört duşuşygynyň üçüsinde şol bir hasap bilen ýeňildi — 2:1.

— Eýranyň ýygyndysynyň iki deňligi bar. Deňlikde tamamlanan duşuşyklaryň ikisinde hem şol bir hasap ýüze çykdy — 1:1.

— Hindistanyň milli ýygyndysy toparçada iň soňky orunda. Ýöne kapitan Sunil Çetri eýranly türkmen Serdar Azmun bilen birlikde toparçanyň bombardiri. 31 ýaşly hüjümçi saýlama tapgyrda jemi 4 gol geçirdi.

 

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации