Последние новости

Архив новостей

Näme üçin käbir ýerlerde telefon aragatnaşygy tutanok?

0
8066

Bilşimiz ýaly, öýjükli telefonlar liftlerde, ýerasty geçelgelerde, ýerasty gatlarda, galyň diwarly otaglarda işlemeýär, ýa-da gürleşip barýan bolsak, şol ýerlere girenimizde aragatnaşyk ýitýär we antennanyň signaly iň pes derejesine ýetýär. Eýsem, näme üçin şeýle bolýandygyny gyzyklanyp gördüňizmi?

Bu ýagdaýy fizikanyň “Faraday cage” (Клетка Фарадея) effekti bilen düşündirmek bolar. “Faraday cage” – Faradeýiň öýjügi manysyny bermek bilen, bu enjam iňlis fizik we himigi Maýkl Faradeý tarapyndan daşky elektromagnit meýdanlaryndan goranmak üçin 1836-njy ýylda oýlanyp tapylýar. Faradeýiň öýjügi fizika we himiýada köp tejribelik we barlag işlerinde ulanylýar.

Faradeýiň öýjüginiň işleýşi örän ýönekeý – uçlary birleşdirilen elektrogeçiriji gabygy elektrik meýdanyna düşende, gabygyň boş elektronlary şol meýdanyň esasynda hereket edip başlaýar. Netijede, daşky meýdan esasynda öýjügiň garşy tarapy güýjeýär, öýjügiň içi bolsa hiç hili täsirlenmeýär. Gysgaça aýdylanda, daşky elektrik meýdany esasynda Faradeýiň öýjügi elektrik zarýadyny almak bilen, içine hiç hili täsir goýbermeýär. Faradeýiň öýjügi, öýjügiň içini elektrik meýdanyndan goraýar, hiç hili elektrik aragatnaşygyny içine salmaýar, olara böwetlik döredýär.

Liftler, galyň diwarly otaglar, ýerasty geçelgeler hem şul fiziki ýagdaýa esaslanyp, telefon, radio signallaryna böwetlik döredýärler. Liftler jaýyň içinde ýerleşýär, bu diýmek jaýyň içinde ýapyk metalliki bir otag. Liftiň daşy metallik we galyň. Faradeýiň öýjügi hökmünde, liftiň içi daşky elektrik meýdanlaryndan goranýar we şeýlelikde aragatnaşyk ýitýär. Edil şolar ýaly, ýerasty geçelgeler we ýerasty gatlary mysal bermek bolar. Şol sebäpden telefonlaryň aragatnaşygy liftler, ýerasty gatlar, ýerasty geçelgeler ýaly ýerlerde işlemeýär.

Bulardan başga, telefon aragatnaşygy kämahal daglarda, obalarda, çetlik ýerlerde hem tutanok. Munuň sebäbi bolsa, telefon operatorynyň şol töwereklerde antennasynyň bolmazlygydyr.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации